Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalarynyň we maksatnamalarynyň çäklerinde birnäçe halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu konwensiýalardan we maksatnamalardan gelip çykýan borçnamalary oz wagtynda we netijeli ýerine ýetirmek hem-de bu ugurda önde goýlan meseleleri üstünlikli amala aşyrmak üçin halkara guramalary bilen bilelikde duşuşyklaryň we maslahatlaryň guralmagy möhüm bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik merkeziniň we USAID-iň suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça Sebitleýin taslamasynyň (WAVE) guramagynda Neksus simulýasiýalary boýunça talimçiler üçin trening geçirildi.
USAID-iň suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça Sebitleýin taslamasynyň (WAVE) maksady durnuklylygy ýokarlandyrmak, ykdysady ösüş we peýdaly ekoulgamlar üçin Merkezi Aziýada serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak boýunça tehniki kuwwaty we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmekden ybarat bolup durýar.
Okuwlary guramagyň çäklerinde taslama akademiki institutlar bilen, aýratynam döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrýan institutlar bilen hyzmatdaşlyk edýär we talimçiler üçin «suw-energiýa-azyk-daşky gurşaw» Neksus özara baglanyşygynyň çemeleşmesini trening ölçeginde öwrenmegi teklip edýär. Agzalan treningiň wezipeleri suw pudagynyň hünärmenleri we döwlet gullukçylary üçin okuw prosesinde Neksus simulýasiýalaryny ulanmakdan ybarat bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary we diňleýjileri treningiň başynda USAID-iň suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça Sebitleýin taslamasynyň we Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik merkeziniň wekilleriniň çykyşlaryny diňlediler.
Soňra treningiň dowamynda simulýasiýalara taýýarlanmak, olary herekete girizmek we Neksus simulýasiýalaryny iş ýüzünde ulanmak boýunça gözükdirijilere giňişleýin düşündirişler berildi. Durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga mümkinçilik döredýän serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak boýunça ukyplary kämilleşdirmekde geçirilen treningiň uly ähmiýeti bardyr.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan suw serişdelerinden, serhetüsti suwlardan rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş etmek bilen, bu ulgamda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Olarda halkara hukuk kadalarynyň berjaý edilmegine hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň doly hasaba alynmagyna uly üns berilýär. Biziň ýurdumyzyň 2012-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Serhetüsti suw akymlaryny hem-de halkara kölleri gorap saklamak we peýdalanmak hakynda Konwensiýasyna goşulmagy bu ugurdaky ähmiýetli çäre boldy.
Ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramaga degişli esasy resminamalaryny, şol sanda biologik köpdürlülik, ozon gatlagyny goramak, çölleşmäge garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny hem-de halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakynda Konwensiýalaryny, Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda ÝUNESKO-nyň Konwensiýalaryny, suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyny, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi hem-de beýleki iri düzümler bilen bilelikde milli we sebit derejesinde onlarça maksatnamalardyr taslamalar amala aşyrylýar.
Türkmen halky köpasyrlyk taryhyň dowamynda durmuşyň dowam etmeginiň esasy kepili bolan suwa gymmatly hazyna hökmünde garapdyr. Suwy aýawly peýdalanmak boýunça ýörelgeler nesilden-nesle geçirilipdir, onuň her bir damjasy altyn dänesine deňelipdir. Häzirki wagtda suw pudagynda öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak, suw serişdeleriniň netijeli we rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin amala aşyrylýan çäreler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.
