Tejribe arkaly kämillik – döwrebap ylmyň özeni

Tejribe arkaly kämillik – döwrebap ylmyň özeni

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, halkyň Arkadagy, türkmen Halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen döredilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak, olary gaýtadan taýýarlamak okuwlarynda ýokary bilimden soň, çuňlaşdyrylan bilim bermek üçin “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda wajyp çäreler durmuşa geçirilýär. Şol çäreleriň biri hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tejribeli hünärmenlerini Akademiýanyň okuw işlerine çekmek hem-de täsirli duşuşyklary geçirmekden ybarat bolup durýar.  

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlarynyň hem-de 2022-2023-nji okuw ýylynda bilim alýan Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwynyň, Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwynyň hem-de Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwynyň diňleýjileriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat işleri geçirildi.

Ýagny, 2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iş meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmenleri akademiýanyň mugallymlary hem-de diňleýjileri bilen “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça toplanan tejribeleri paýlaşmak” hakdaky temadan wagyz etmek bilen baglanyşykly duşuşygy gurady.

Duşuşyga TGM-iň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň raýat goranyş müdirliginiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölüminiň müdiri podpolkownik Gurbandurdy Atabaýew, TGM-niň Aşgabat şäher  raýat  goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň raýat goranyş müdirliginiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň uly hünärmeni maýor Annagül Ataýewa, TGM-niň Aşgabat şäher  raýat  goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Aşgabat şäher halas ediş toparynyň serkerdesi maýor Guwanç Garlyýew, TGM-niň Aşgabat şäher  raýat  goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Aşgabat şäher halas ediş toparynyň feldşeri starşyna Maýa Aganyýazowa we beýleki degişli hünärmenleri gatnaşdylar hem-de çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda çykaran 975-nji Kararynyň her bir bölüminiň üstünde durlyp geçildi we slaýdlaryň üsti bilen täsirli düşündirildi.

Döwlet gullugy akademiýasy döwlet gullukçylaryny köp taraplaýyn taýýarlykly, döwrebap ýolbaşçylar edip ýetişdirmek maksady bilen, Akademiýanyň diňleýjilerini raýat goranyş we halas ediş babatynda ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmaklygy döwlet gullukçylarynyň ýolbaşçylyk-dessin işlerine ukybynyň artmagynda, tebigy betbagtçylygyň öňüni almakda, meýilnamalaýyn işleri öz wagtynda ýerine ýetirmekde toplanan tejribeleri diňleýjilere amaly taýdan öwretmekligiň möhüm ähmiýetiniň bardygyna ynanýar.

Şeýle hem, halas ediş toparynyň adatdan daşary ýagdaýlarda ulanýan gurallary bilen tanyşdyrylyp ol gurallaryň her biriniň tehniki häsiýetnamasy doly beýan edildi we tejribe üsti bilen düşündirildi. Gulluk itleriň saklanyşy we gulluk döwri ýerine ýetirýän işleri barada giňişleýin gürrüň edildi.

Örän täsirli geçen bu duşuşygyň ahyrynda Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary we diňleýjileri raýat goranşy bilen baglanyşykly özlerinde dörän dürli sowallara giňişleýin jogaplar alyp, müdirligiň harby gullukçylaryna we ähli şahsy düzümine minnetdarlyklaryny bildirdiler.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda okamak, işlemek, döretmek, halal zähmet çekip bagtyýar ýaşamak üçin ähli şertleridir mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize, Arkadagly Serdarymyzyň, binýady berk türkmen döwletini esaslandyran döwlet gullukçylarynyň beýik halypasy Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.