Muzeý gymmatlyklaryny öwrenmekde netijeli işler

Muzeý gymmatlyklaryny öwrenmekde netijeli işler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda muzeý işini, muzeýleriň işiniň ösdürilmegini goldamak boýunça kabul edilen «Medeniýet hakynda» we «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny has-da kämil öwrenmek hem-de arheologik tapyndylar bilen tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary we diňleýjileri 2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine aýlanyp gördüler.

Muzeý işgärleri muzeýiň döreýiş taryhy we gymmatlyklary hakynda gürrüň berdiler. Şunda muzeýiň tejribesinde alnyp barylýan işler we muzeý gaznalaryna degişli gymmatlyklar, hususan-da, ilkidurmuş ýaşaýyş jemgyýetiniň paleolit, mezolit, neolit, eneolit döwürlerine we orta asyr taryhyna degişli gymmatlyklar, Goňurdepede tapylan daşdan, kümüşden, keramikadan, mermerden, bürünçden ussatlyk bilen ýasalan arheologik gymmatlyklar we gelin-gyzlaryň dakynan bezeg serişdeleri, Nusaý galasynyň taryhyna degişli gymmatlyklar baradaky gürrüňler mugallymlarda we diňleýjilerde aýratyn täsir galdyrdy.

Bellenilişi ýaly, pudaklaýyn edaralaryň çeperçilik-bilim işlerini işjeňleşdirmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde muzeýleriň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen, medeniýet ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek wezipesine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň muzeýleri, beýleki ugurdaş edaralary bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, muzeý gaznalaryna degişli gymmatlyklaryň, muzeý toplamalarynyň özara alşylmagyna ýardam edýär.

Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arheologik tapyndylary öwrenmekde, rejelemekde we muzeýleşdirmekde, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ylmy taýdan öwrenmekde we wagyz etmekde alnyp barylýan işler, daşary ýurtly hünärmenler bilen bilelikde ýerine ýetirilýän taslamalar hakynda, şeýle hem bu ugurda öňde durýan wezipeler dogrusynda gürrüň edildi. Mugallymlary we diňleýjileri gyzyklandyrýan sowallara hem muzeý işgärleri höwes bilen jogap berdiler.

Muzeýe aýlanyp görülmeginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar muzeý ulgamyny kämilleşdirmekde, şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda we dikeltmekde, olary ylmy esasda öwrenmekde uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.