Ýurdumyzda 2022-nji ýylyň aprel aýynda kabul edilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän syýasaty pederlerimiziň döreden medeni mirasynyň öwrenilmegini, saklanmagyny hem-de wagyz edilmegini, giň halkara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, bu ugurda amatly içerki ýagdaýyň emele gelmegini, ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegini, bu işlere beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy hünärmenleriniň çekilmegini şertlendirýär.
Baý taryhymyzy we medeni mirasymyzy öwrenip, gaýtadan dikeldip, halka ýetirmek türkmen alymlarynyň esasy wezipesi bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary uly işleri alyp barýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri halypa mugallymlary bilen bilelikde agzalan institutda «Resminamalaryň dolandyrylyşy we ýazuw kadalary» dersi boýunça göçme okuw sapagyny geçdiler.
Institutyň alymlary ene dilimiziň hem-de edebiýatymyzyň taryhyny düýpli öwrenmek, halk döredijiligi we golýazma mirasy esasynda geçirilen ylmy barlaglaryň netijeliligini gazanmak, müňýyllyklaryň dowamynda ynsanyň aň-paýhasynyň we akyl-düşünjesiniň miweleri bolan golýazma nusgalaryny toplamak hem-de täze tehnologiýalary ulanmak arkaly olary dikeltmek, timarlamak we abat saklamak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler dogrusynda gürrüň berdiler.
Akademiýanyň diňleýjileri esasan hem golýazmalaryň dikeldilýän hem-de saklanýan bölümlerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Bu ýerde filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ata Gylyjow gymmatly eserleriň, golýazmalaryň dikeldilişi we resmileşdirilişi hakynda gyzykly gürrüňler berdi. Salyr baba Ýazaryň golýazmasynyň bolsa iş ýüzünde dikeldilişini görkezdi.
Institutyň hünärmenleriniň nygtaýyşlary ýaly, bellenilen wezipelerden ugur alnyp, türkmen diliniň, edebiýatynyň we golýazma mirasynyň möhüm meselelerini öz içine alýan düýpli ylmy barlaglary geçirmek, ylmy monografiýalary ýazmak, dürli sözlükleri düzmek, türkmen diliniň we edebiýatynyň taryhyna degişli köp jiltlikleri redaktirläp, neşire taýýarlamak, türkmen halk döredijiligine degişli ýygyndylary çapa taýýarlamak, golýazma çeşmelerini öwrenmek bilen bagly işler öňde durýan we talabalaýyk ýola goýulýan esasy wezipelerdir.
Bulardan başga-da institutda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek meselesine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň taryhyna, sungatyna edebi-medeni mirasyna degişli çeşmeleri, golýazmalary, halk döredijilik eserlerini gözläp tapmak, Türkmenistana getirmek, ylmy esasda öwrenmek, terjime etmek we halka ýetirmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň ylmy merkezlerinde, kitaphanalarynda, golýazmalar hazynalarynda saklanýan gadymy golýazmalaryň surat, elektron nusgalaryny ata Watanymyza getirmek meseleleri hem hemişe institutyň alymlarynyň üns merkezinde durýar.
Jemgyýetiň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmak, türkmen dilini we edebiýatyny, milli baýlygymyz bolan golýazma mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmek wezipelerini alyp barýan TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda geçirilen göçme okuw sapagy bu ugurda Akademiýanyň diňleýjileriniň habarlylygyny artdyrmak babatda netijeliligi bilen tapawutlandy.
521-nji toparyň diňleýjisi Annagül Täçmyradowna Ataýewa
