Döwlet gullukçylaryna şahadatnama gowşuryldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen degişli işler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryny görkezmek bolar. 2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň möhleti iki aýlyk hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwynyň 2022/2023-nji okuw ýylynyň üçünji möwsümini üstünlikli tamamlan diňleýjilere şahadatnama gowşurylmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Çärä akademiýanyň professor-mugallymlary we diňleýjileri gatnaşdylar. Çykyşlarda häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet gullugy ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde dürli ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylýandygy bellenildi.

Bellenilişi ýaly, öňdebaryjy usullar we häzirki zaman serişdelerini ulanmak esasynda okuwlar ýokary derejede guraldy. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň möhleti iki aýlyk hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwynyň diňleýjilerine Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy, Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy, adminstratiw hukugy, ýerli häkimiýet hukugy, ýerli öz-özüňi dolandyryş hukugy, raýat hukugy, ýer-suw hukugy, obasenagat toplumynyň dolandyrylyşy, işgärler menejmenti we dolandyryş psihologiýasy, jemgyýetçilik durmuşynyň filosofiýasy, döwlet gullukçysynyň etikasy we işewür gatnaşyklary, resminamalaryň dolandyrylyşy we ýazuw kadalary, sanly ykdysadyýet we döwlet dolandyryşynda sanly ulgamlar we beýleki birnäçe dersler boýunça sapak berildi.

Dabaraly çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize döwlet gullugy ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, ata Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk etjekdiklerine, öňlerinde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.