Kiberhowpsuzlyk boýunça bilimler ýokarlandyrylýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça Agentliginiň (USAID) «Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek» atly taslamasynyň hemaýat bermeginde 2023-nji ýylyň 27-nji martynda döwlet sektorynyň maglumat tehnologiýalary boýunça türkmen hünärmenleri üçin kiberhowpsuzlyk boýunça bir aýlyk okuwa başlady.

Okuw türkmen hünärmenlerine sanly torlaryň howpsuzlygynyň halkara düzgünleri, kiberhüjümlere garşy hereketler, howpsuzlygyň profillerini döretmek, maglumatlary goramak üçin halkara ulgamlary ulanmak, bulutlaýyn tehnologiýalar we sanly howpsuzlygy üpjün edýän başga-da köp sanly jähtler hakynda bilimleri berýär.

Sanly ykdysadyýete geçmek Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Döwlet gullugy akademiýasy we USAID ýurduň döwlet edaralarynyň sanly ulgamlaryny netijeli dolandyrmak üçin halkara standartlaryny öňe sürmek we maglumat serişdelerini administrirlemegiň innowasion usullaryny ornaşdyrmak ugrunda işleýärler. Hususan-da, Döwlet gullugy akademiýasynyň we USAID-iň işi Türkmenistanyň sanly torlaryna ýardam bermek we olary ösdürmek üçin kiberhowpsuzlyk boýunça ökde hünärli işgärlere bolan islegi kanagatlandyrmaga kömek edýär.

Howpsuz kommunikasiýa tehnologiýalar Türkmenistanyň maglumat infrastrukturasyna oňyn täsirini ýetirer, durmuş-ykdysady ösüşi kadalaşdyrmakda döwlet institutlarynyň işiniň netijelililiginiň ýokarlandyrylmagyny höweslendirer hem-de döwlet çözgütleriniň işlenip taýýarlanmagyna we kabul edilmegine ilatyň ýardam bermegine şertleri döreder. Hut şonuň üçin, bu günki gün Türkmenistanda elektron torlaryny administrirlemek we howpsuz dolandyrmak boýunça hünärmenleri ylmy-amaly taýdan taýýarlamak örän wajyp bolup durýar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.