Aýallaryň innowasiýa we tehnologiýalaryndaky orny

Türkmenistan halkara giňişlikde, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň uly tejribesini toplady. Halkara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalar bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär. Şunda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýylyň fewralynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda «Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda» Taslama resminamasyna gol çekilmegini hem aýdylanlara mysal hökmünde görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgamlar babatda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de milli işgärler, ylmy-tehniki we düzümleýin kuwwaty artdyrmagyň wajypdygyny nygtaýar.

Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 6-njy martynda BMG-niň Aşgabat säherindäki binasynda «Aýallaryň innowasiýa we tehnologiýalaryndaky orny» atly «tegelek stol» görnüşinde duşuşyk guraldy. Çäräniň maksady aýallaryň innowasiýa we tehnologiýalaryndaky orny barada özara pikir alyşmakdan ybaratdyr. Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet we halkara hukugy kafedrasynyň uly laboranty Aýnur Geldiýewa hem gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlaryň bitirýän uly hyzmatlaryny bellemek ýakymlydyr. Häzirki döwürde zenanlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşant goşýarlar.

Gelin-gyzlaryň döwlet, syýasy işlere işjeň gatnaşmaklary adalatly, deňhukukly jemgyýetiň durnukly we sagdyn ösüşiniň wajyp şertleriniň biridir. Bu gün zenanlar dürli ugurlarda öz hünär başarnyklaryny görkezip, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda möhüm wezipeleri eýeleýärler. Olar işleriň täze ugurlaryny özleşdirýärler we diňe bir ukyp-başarnyklaryny görkezmek bilen çäklenmän, täzeçe pikirlenmegi hem başarýarlar. Türkmen zenanlary döwlet häkimiýet edaralarynda – kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji, kazyýet edaralarynda, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň beýleki ulgamlarynda mynasyp wekilçilik edýärler, daşary syýasat işine işjeň gatnaşýarlar, telekeçilik işini üstünlikli alyp barýarlar.

Ýeri gelende bellesek, zenan telekeçiler hem harytlaryň öndürilmegine, hyzmatlar we söwda ulgamlarynyň ösdürilmegine maýa goýum serişdelerini gönükdirýärler. Şunda ilat tarapyndan uly islegden peýdalanýan smart-telewizorlary öndürýän düzümleriň işi aýratyn bellärliklidir. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary häzirki zaman senagat we elektron önümleriň, töleg terminallarynyň, onlaýn okuw programmalarynyň, «akylly» öý tehnologiýalarynyň önümçiligini netijeli özleşdirdiler. Täzeçillikleri işjeň ornaşdyrmaga, iň oňat dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen innowasion häsiýetli önümçiliklerde zähmet çekýänleriň umumy düzüminde zenanlaryň paýynyň yzygiderli artýandygy bellenmäge degişlidir.

Ýokarda beýan edilen buýsançly sözler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda halkymyzyň abadançylygyna, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.