Ylymly ýaşlaryň täze gadamy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda çykaran 415-nji karary bilen tassyklanylan 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň guramagynda 2023-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly – ylymly ýaşlaryň täze gadamy» atly usulyýet maslahaty geçirildi.

Häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň birine bagyşlanyp geçirilen maslahata Akademiýanyň mugallymlary, diňleýjileri we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we ylym ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär hem-de Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ylymly ýaşlaryň döwletimiziň kuwwatly güýjüdigini, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidigini, türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidigini we baky dowamatydygyny nygtaýar. Hut şonuň üçin hem täzeçil pikirlenip bilýän, giň dünýägaraýyşly we ýokary hünär başarnygy bolan ýaş hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipelerdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlary geljegi uly ugurlardaky ylmy gözleglere giňden çekmek meselesine yzygiderli üns bermegi netijesinde Ylymlar güni mynasybetli we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guraýan ýaş alymlaryň arasyndaky ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

Çykyş edenler ýaşlary geljegi uly ugurlardaky ylmy gözleglere giňden çekmek meselesine yzygiderli üns berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan edip, uzak ömür, berk jan saglygyny, döwletli tutumlarynda mundan beýläk-de rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.