2023-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň döwlet dolandyryş ugruny üstünlikli tamamlan ilkinji uçurumlara dabaraly ýagdaýda diplom gowşuryldy.
Okuw meýilnamasyna laýyklykda, geljekki dolandyryjylar «Döwlet dolandyryşynyň nazaryýeti», «Adminstratiw hukugy», «Sosial ylymlarda barlag usullary», «Ykdysadyýetiň we bazar gatnaşyklarynyň nazaryýeti», «Guramaçylyk menejmenti», «Ýerli öz-özüňi dolandyryş», «Okatmagyň usulyýeti», «Makroykdysady nazaryýet we syýasat», «Işgärleri dolandyrmak», «Ykdysady hukuk», «Döwlet maksatnamalarynyň täsirini bahalandyrmak», «Dolandyryş psihologiýasy», «Strategik meýilnamalaşdyrmak», «Sanly dolandyryş», «Döwlet gullukçysynyň etikasy», «Döwlet maliýesi» atly dersler boýunça degişli sapaklary özleşdirdiler. Şeýle-de, talyplar önümçilik tejribesini geçdiler, magistrlik işini ýazdylar we döwlet synagyny tabşyrdylar.
Mälim bolşy ýaly, hemmetaraplaýyn bilimli, watançy, ynsanperwer gymmatlyklara, dostluk gatnaşyklaryna ygrarly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olary döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistanda ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň aň-paýhas, döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek, zehin-başarnyklaryny açmak, şahsy we hünär ösüşini höweslendirmek üçin ähli zerur şertleri döretmek ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýakyn ýyllarda öz raýatlarynyň hünär ukyplarynyň we zehinleriniň has doly ýüze çykmagyny üpjün etjek döwletleriň gülläp ösjekdigi hem-de täze bilimleri, amaly üstünlikleri iň häzirki zaman tehnologiýalardyr önümlere öwrüp özleşdirýän döwletleriň ykdysady ösüşde başgalardan önde boljakdygy dünýä ýurtlarynyň häzirki döwürdäki ösüş ugurlaryndan mälimdir.
Akademiýada guralan dabarada çykyş eden mugallymlar uçurymlara buýsanýandyklaryny nygtap, olara durmuşda mynasyp ornuny tapyp, ýüreklerinde besleýän arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etdiler.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu günki diplom gowşurmak dabaralary aň-bilim taýdan ösen ýaşlary kemala getirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyna möhüm ähmiýet berilýändigini, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň has-da pugtalandyrylýandygyny aýdyň görkezýär.
