2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Ol «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Häzirki döwürde ýaş nesiller bilimlerini we zehinlerini dürli ders olimpiadalarynda, döredijilik bäsleşiklerinde, sungat festiwallarynda, sport ýaryşlarynda görkezýärler, döwlet hem-de hususy düzümlerde üstünlikli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň gazanan üstünlikleri şu gezekki köpugurly sergide giňden beýan edilýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Gazanylan ägirt uly üstünlikler döwlet ösüş ugrunyň oýlanyşykly saýlanyp alnandygynyň görkezijisi bolmak bilen, bu ugry eziz Diýarymyzyň ykbaly we geljegi üçin jogapkärçilik çekýändiklerine düşünýän ähli türkmenistanlylaryň giňden goldaýandygynyň beýany boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmegi we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy baş maksat hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeler syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.
Maslahata gatnaşyjylar Watanymyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerine we ýeten sepgitlerine çäksiz buýsanýan ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňliginiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönüden-göni goşant goşýan şeýle çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen köpugurly işleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda aýratyn tapawutlanan ýaşlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekýän ýaşlar sylaglanyldy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesliň wekilleri bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda uly üstünlikleri gazandylar, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda-da ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň Döwlet baýdagyny belentde parlatdylar.
Soňra Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan 35 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşigiň geçirilmeginiň esasy maksady Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyny dabaraly ýagdaýda bellemekden, türkmen halkynyň meşhur oglunyň baý edebi mirasyny wagyz etmekden we öwrenmekden, ýaşlary döredijilik bilen meşgullanmaga höweslendirmekden, olarda şahyryň eserlerinde beýan edilýän watansöýüjilik, asyllylyk, ynsanperwerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemekden ybaratdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul baýragy gowşuryldy.
Şeýle hem bu ýerde türgenleri, hususan-da, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynda ýokary netijeleri gazanan türgenleri, olary bu iri halkara ýaryşa taýýarlamaga şahsy goşant goşan tälimçileri sylaglamak dabarasy boldy.
Türgenlere hem-de ýurdumyzyň tälimçi-mugallymlaryna sowgat hökmünde 2 sany «Toyota Camry V6» we 5 sany «Toyota Fortuner SR5» kysymly 2023-nji ýylda öndürilen awtoulagyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony we ýurduň Kubogynyň eýesi bolan «Arkadag» futbol toparyna «MAN RR3 19.440 EEV» kysymly awtobusyň açary gowşuryldy.
Ýaşlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Agşam Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki baýramçylyk konserti geçirildi.
2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan ýaşlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň hem-de ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan sowgatlaryň, Hormat hatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi. Munuň özi kalby Watanymyzy ösdürmäge uly goşant goşmaga hyjuwdan doly ýaşlarymyzyň durmuşynda ajaýyp waka öwrüldi.
Täze ýylyň öň ýanyndaky günlerde guralan çäreler Türkmenistanyň ýaşlaryny ýurdumyzyň we halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň bähbidine uly joşgun bilen, täze zähmet üstünliklerini gazanyp işlemäge ruhlandyrmaga gönükdirilendir. Baýramçylyk günlerinde ýaşlaryň uly topary Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, dürli ulgamlarda zähmet çekip, ýurdumyzy yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde goşan şahsy goşantlary, halal we göreldeli zähmeti, gazanan ýokary netijeleri, hünär ussatlyklary nazara alnyp, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de degişli ministrliklerinden sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Şol sylaglara Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri hem mynasyp boldular. Bu bolsa buýsançly waka. Gowşurylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwynyň 2-nji ýyl diňleýjisi Berdiýew Begenç hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgada mynasyp bolup Türkmenistanda öndürilen «Zemin» markaly 55 ekran diagonally telewizor bilen sylaglandy. Bulardan başga-da şol okuwyň 2-nji ýyl diňleýjisi Meläýewa Altyngözel Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň adyndan sowgada mynasyp bolup Türkmenistanda öndürilen «Aýtab» markaly 10.1 dýuýmly planşet bilen sylaglandy we Hormat hatyna mynasyp boldy.
Gowşurylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby diňleýjilere sowgat berildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Hormatly Prezidentimiziň üstünliklere beslenýän döwlet syýasaty Watanymyzyň ykbalyna we geljegine bolan jogapkärçilige has aýdyňlygy bilen düşünýän ýaşlar tarapyndan hemmetaraplaýyn we doly goldanylýar.
Täze ýylyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlaryň – Watanyň daýanjy» atly kitaby ähli türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgat boldy.
Dabaralara gatnaşyjylar ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňliginiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen şeýle çäreleriň möhümdigini bellediler. Olar bu ugurda alyp barýan köptaraply işleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň
döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwynyň
2-nji ýyl diňleýjisi Berdiýew Begenç
