Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen güni bolan 12-nji dekabr taryhyň altyn sahypalarynda orun tutdy. Bu sene ynsanperwerligi we hoşniýetligi dabaralandyrýan, halkara derejede uly ähmiýete eýe bolan baýramçylyga öwrüldi. Parahatçylykly gatnaşyklary esasy ugur edinýän Bitarap Watanymyzda dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmek ugrunda amala aşyrylýan işler bu ugruň has-da ösdürilmegi babatda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalarynyň senasy bolup, barha rowaçlyklara beslenýär.
Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli 2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda mugallymlaryň, diňleýjileriň we myhmanlaryň gatnaşmagynda «Bitaraplyk – dünýäniň abadançylygyna gönükdirilen taglymatydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.K.Annamyradowyň giriş sözi bilen öz işine başlady. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy Kerimguly Geldiýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy Rüstem Mämmedow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy Dürli Ballyýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy E.Kiçikakaýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby Dünýägözel Täçmyradowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň magistri Bägül Garagulowa dagylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy we halkara hyzmatdaşlygyň ösüş ugurlary, ýurdumyzyň milli diplomatiýasy we dünýä syýasatynda türkmen Bitaraplygynyň orny dogrusynda çykyş etdiler.
Ylmy-amaly maslahatda parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarly eziz Diýarymyzyň dünýäde ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda öne sürýän başlangyçlarynyň giň seslenmä we gollanma eýe bolýandygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyzyň agzybir we asuda ýaşaýşyna, jebisligine, ýurdumyzyň ösüşlerine ýetirýän oňyn täsiri dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Maslahatda ata Watanymyzyň ýeten belent derejesiniň, häzirki ösüşiniň we halkymyzyň abadan, parahat ýaşaýşynyň hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige ýugrulan daşary we içeri syýasatyndan gözbaş alýandygy nygtaldy. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy, Aziýada ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi – ak mermerli Aşgabadymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, döwletimiziň birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy dogrusynda çykyşlar diňlenildi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň taryhy ýoluna gysgaça nazar aýlamak öran gyzyklydyr. Bitarap döwletimiziň hoşniýetli daşary syýasaty bütin adamzadyň bähbidine, parahat durmuşyna gönükdirilen başlangyçlary taryhy ýol-ýörelgelerimiz esasynda alnyp barylýar. «Asly adamzada ajy söz urma» diýen nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bütin döredijiligi diýen ýaly öz halkynyň abadançylygyna, asudalygyna, edep-ekramlylygyna, ruhy hem ahlak arassalygyna bagyşlanypdyr. Bu mysallar halkymyzyň şu günki ýeten beýik derejesiniň kökleriniň juda berkdigini, kämildigini aňladýar. Şeýle mysallara adamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen «Gorkut ata» eposynda, gahrymançylygy, mertligi, asudalygy ündeýän «Görogly» şadessanynda hem gabat gelmek bolýar.
Hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň türkmen halkynyň ata-baba ýörelgesi bolanlygyny aýtmak bilen, biz Bitaraplyk hakyndaky pikirleriň iňňän gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň gündelik ýaşaýyş durmuşynda şöhlelenip gelendigini, bu günki günde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň beýik paýhasy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň ösüşi, milli ruhuna laýyk gelýän dünýä nusgalyk ýoly bilen öňe ilerleýändigine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň has-da uly üstünliklere eýe bolýandygyna, halkara giňişligindäki abraýynyň barha beýgelýändigine buýsanýarys.
Maslahata gatnaşyjylar, şular dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler hem-de halklaryň arasyna dostluk köprüsini gurýan, halkymyzy we dünýä jemgyýetçiligini parahat ýaşaýyşa çagyrýan, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edip, alkyş sözlerini aýtdylar.
