2024-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwyny (okuwyň möhleti bäş aý) tamamlan diňleýjilere şahadatnama gowşuryldy. Okuw meýilnamasyna laýyklykda diňleýjiler «Türkmenistanyň Konstitusiýa hukugy», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy», «Döwlet syýasaty we jemgyýetçilik durmuşy», «Adminstratiw hukugy», «Maliýe we bank hukugy», «Jenaýat hukugy», «Halkara hukugy», «Raýat hukugy», «Zähmet hukugy», «Telekeçilik hukugy», «Durmuş-üpjünçilik hukugy», «Döwlet we ýerli dolandyryşyň esaslary», «Resminamalaryň dolandyrylyşy we ýazuw kadalary», «Marketing», «Sanly ykdysadyýet we döwlet dolandyryşynda sanly ulgamlar», «Buhgalter hasaby, maliýe hasabaty we audit», «Daşary ykdysady aragatnaşyklar», «Sosial statistika we demografiýa», «Döwlet gullukçysynyň etikasy we işewür gatnaşyklary», «Işewür iňlis dili», «Işgärler menejmenti we dolandyryş psihologiýasy», «Türkmen halkynyň milli medeni mirasy» atly dersleri özleşdirdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy, medeni babatda ýokary göterilişi üçin berk binýady üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak taýýarlamak esasy zerurlyklaryň biri bolup durýar.
Häzirki wagtda milli ykdysadyýeti toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak boýunça wezipeler innowasion dolandyryşa, ähli derejede döwlet gullugynyň takyk hem sazlaşykly işlemegine, hünärmenlerdir ýolbaşçylar gorunyň ulgamlaýyn taýýarlanylmagyna daýanýar. Munuň özi hukuk medeniýetiniň netijeliligini, zähmet öndürijiligini, innowasion işjeňligi ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet dolandyryşyny guramagyň täze gurallaryny kemala getirmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy usullar we häzirki zaman serişdelerini ulanmak esasynda okuwlar döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, çuňňur bilimlere eýe, giň gözýetimli, ýokary hünär derejeli döwlet gullukçylary taýýarlanylýar.
Guralan çärä turuwbaşdan işjeň häsiýet mahsus bolup, onda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler belent maksatlar bilen garşylanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowşurylan şahadatnamanyň döwlet gullukçylaryny beýik işlerdir täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny aýratyn nygtadylar.
