Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylynyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp professor-mugallymlaryň, diňleýjileriň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahata çykyş etmek üçin ýurdumyzyň döwlet häkimiýet we bilim edaralaryndan myhmanlar çagyryldy.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili-adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa «Adalatçynyň halkara hyzmatdaşlygy» atly temadan çykyş edip, Adalatçynyň işi we onuň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada giňişleýin tanyşdyryp, Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky ähmiýetiniň mazmuny açyk beýan etdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy Baýly Toýlyýewiç Seýilow «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy» atly tema bilen çykyş edip, Türkmenistanyň bu babatda sebitde we bütin dünýäde alyp barýan möhüm daşary syýasatyny giňişleýin belläp geçdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Saparowiç Karaýew «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly temasy bilen döwrüň möhüm daşary syýasaty we türkmen halkynyň baý taryhy geçmişinde türkmen diplomatiýasynyň her bir taryhy döwürdäki many-mazmuny bilen tanyşdyryp, gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri Tangiýew Meretguly Bäşimowiç «Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ynsanperwer ölçegi» atly temanyň üstünde durup, Türkmenistanyň ynsanperwer daşary syýasaty bilen tanyşdyrdy.
«Türkmenistanyň milli kanunçylygynda halkara hukuk kadalarynyň tutýan orny» atly temadan Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyñ Döwlet we halkara hukugy kafedrasynyň uly mugallymy Ýazmyrat Küläýew çykyş edip, Türkmenistanyň goşulyşan halkara kadalaryna ygrarlylygy, borçnamalaryň doly derejede ýerine ýetirilip, milli kanunçylygyň berkidilýändigi barada belläp geçdi. Gatnaşyjylar maslahatyň dabaraly pursatynda, öz halkyna ajaýyp durmuşy bagyş eden Alym Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan-saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.
