SPORT – ÝAKYN HEMRAMYZ

Aprel aýynyň gelmegi bilen sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Watanymyzyň ähli künjeginde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda rowaçlandyrmak, sporty giň gerimde ösdürmek hemişe ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda sport jemgyýetçilik ösüşiniň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda işgärleriň, diňleýjileriň we talyplaryň arasynda sportuň birnäçe görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Ir säherden başlanan ýaryşlar halkymyzyň sagdyn hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize aýdylýan alkyş sözlerine beslenip, ýurdumyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanydygyny ýene bir ýola aýan etdi. Elbetde, biz özümiziň şeýle berkarar döwletiň bagtyýar raýatlarydygymyza buýsanmaga hemişe haklydyrys.

Çekeleşikli ýagdaýda geçirilen ýaryşlarda ussatlar öňe saýlandylar. Küşt we şaşka boýunça guralan ýaryşda toparlaryň ýeňşe bolan höwesi hem ynamy aýdyň şöhlelendi. Sport meýdançasynyň çäginde amala aşyrylan kiçi futbol boýunça ýaryşlar çäreleriň iň gyzykly bölegini emele getirdi. Bu ýerde sportuň woleýbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaýbaňlandyrylan ýaryşlar dabaralaryň şowhunyny goşalandyrdy.

Häzirki wagtda durnukly ösüş bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş hereketine hem-de ýokary netijeli sporta berilýän döwlet goldawynyň netijesinde sport ulgamyna degişli milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär, degişli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanlylaryň, şol sanda ýaşlaryň beden we ruhy sagdynlygy baradaky alada aýdyň dabaralanýar. Ilatyň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak bu ulgamyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyzyň sebitlerinde halkara ülňülerine laýyk gelýän stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary hereket edýär. Täze bina edilýän bilim we mekdebe çenli edaralaryň ählisinde döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edilen sport zallarynyň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin meýdançalaryň, suwda ýüzmek üçin niýetlenen howuzlaryň göz öňünde tutulýandygyny bellemek guwandyryjydyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle uly işler, halkymyzyň jan saglygy ugrunda edilýän aladalar her bir türkmenistanlynyň ýüreginde ýaşaýyşa höwes döredýär.

13-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işgärleriniň, diňleýjileriniň we talyplarynyň arasynda geçirilen sport çäreleriniň netijesi boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarada oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda sportuň ösmegi üçin uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.