Golaýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň bilelikde guramagynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň talyby Myrat Saryýew hem gatnaşyp, «Hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda Magtymgulynyň keşbi» atly temadan çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eseri halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. Eseriň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip at berlen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli orun alan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň, dünýäde meşhur şahsyýet, akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmeginiň türkmen halkynyň umumylyklaryny baglanyşdyrýandygy, Watan hakyndaky garaýyşlary baýlaşdyrýandygy bellenilýär. Änew dünýäniň maddy medeniýetiniň möhüm sahypasy bolsa, Magtymguly Pyragy dünýäniň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan beýik şahyrdyr. Ata-babalarymyzyň häzirki günlerimize çenli gelip ýeten gymmatly mirasy sungat işgärleri üçin egsilmez ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Hut şunda hem döwürleriň arasyndaky arabaglanyşyk, nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda umumadamzat ähmiýetli gymmatly pikirler orta atylýar. Hormatly Prezidentimiziň bu gymmatly kitabynyň «Watan hakynda müdimi owaz» atly bölüminde: «Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýöne bir duýga ýugrulan goşgular däldir, olar beýik akyl paýhas taglymatydyr, ylym-bilim sapagydyr, danalaryň öz nesillerine öwüt-nesihatydyr» diýip, şahyryň döredijiligine uly baha berilýär. Baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi hem-de geljek nesillere ýetirilmegi babatda edýän taýsyz tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.
