HÜNÄRMENLER DÜZÜMINIŇ BERK BINÝADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge ukyply ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmegi maksat edinýär. 2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň döwlet dolandyryş ugruny we sanly dolandyryş ugruny üstünlikli tamamlan uçurumlara dabaraly ýagdaýda diplom gowşurylmagy beýan edilenleri aýdyň tassyklaýar.

Häzirki zaman durmuş-ykdysady giňişligini innowasion tehnologiýalar bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däldir. Şolaryň binýadynda bolsa ýurdumyzda durnukly ösüşiň täze, milli nusgasy kemala getirilýär. Ýokarda agzalan magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň ugurlaryny oňa mysal hökmünde getirmek bolýar. Sebäbi dolandyryş işgärleri islendik dolandyrylýan ulgamyň esasydyr. Tejribeden görnüşi ýaly, dolandyryş işgärleri bilen bagly ähli işleriň sanlylaşdyrylmagy islendik jemgyýeti dolandyrýan ulgamy kämilleşdirmegiň esasy ýoludyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Ýaşlaryň alan hünär bilimlerini döwlet gullugynda ulanmak üçin has amatly şertleri döretmek Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir.

Dabaraly çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň berýän goldawy we ünsi netijesinde, ýurdumyzda innowasion işler üçin döwrebap bilim infrastrukturanyň, amatly şertleriň bardygyny belläp, dolandyrmagyň maglumat ulgamyny tanyşdyrmak, onuň ulanylyşyny ýurdumyzyň ýaşlaryna öwretmek maksady bilen, okuwlaryň geçirilendigini nygtadylar. Sanly dolandyryşyň ornaşdyrylmagy degişli ulgamda işleri awtomatik usulda dolandyrmaga, maglumatlary toplamak işini sanlylaşdyrmaga, olaryň ählisini amatly bitewi ulgamda ýerleşdirmäge mümkinçilik berer. Şeýlelik-de, bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşleri üçin möhüm bolan hünärmenler düzüminiň berk binýadyny üpjün etjekdigini ynamly aýdyp bileris.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.