HÜNÄR BILIMLERI ÇUŇLAŞDYRYLDY

2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwynyň (okuwyň möhleti bäş aý) ikinji möwsümini tamamlan diňleýjilere şahadatnama gowşuryldy. Okuw meýilnamasyna laýyklykda diňleýjiler «Türkmenistanyň Konstitusiýa hukugy», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy», «Döwlet syýasaty we jemgyýetçilik durmuşy», «Adminstratiw hukugy», «Maliýe we bank hukugy», «Jenaýat hukugy», «Halkara hukugy», «Raýat hukugy», «Zähmet hukugy», «Telekeçilik hukugy», «Durmuş-üpjünçilik hukugy», «Döwlet we ýerli dolandyryşyň esaslary», «Resminamalaryň dolandyrylyşy we ýazuw kadalary», «Marketing», «Sanly ykdysadyýet we döwlet dolandyryşynda sanly ulgamlar», «Buhgalter hasaby, maliýe hasabaty we audit», «Daşary ykdysady aragatnaşyklar», «Sosial statistika we demografiýa», «Döwlet gullukçysynyň etikasy we işewür gatnaşyklary», «Işewür iňlis dili», «Işgärler menejmenti we dolandyryş psihologiýasy», «Türkmen halkynyň milli medeni mirasy» atly dersleri özleşdirdiler.

Mälim bolşy ýaly, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak hünär bilimlerini we endiklerini çuňlaşdyrmak, ylym we tehnologiýalar babatda häzirki zaman gazanylanlary, şeýle hem halkara tejribesini göz öňünde tutup, hünär bilimlerini täzelemek, täze hünärleri we hünär derejelerini ele almak we olaryň hünär işiniň hem-de durmuş gurşawynyň üýtgäp durýan şertlerine laýyklygyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar. Hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy hünär işi üçin zerur bolan täze ygtyýarlylygyň kämilleşdirilmegine we alynmagyna we bar bolan hünär derejesiniň çäklerinde hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakyndaky tagallalaryna jogap edip, okuwda ýokary görkezijileri görkezendigi hem-de watansöýüjilik duýgusy bilen medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan belent işlerini yzygiderli wagyz-nesihat etmekde oz mynasyp goşandyny goşandygy bilen tapawutlanan diňleýjiler Şatlyk Akmyradow, Gurbanly Hojamämmedow, Maksat Meredow, Atageldi Rejepgulyýew, Batyr Soltanow, Resul Kakabaýew, Orazgeldi Saparow Akademiýanyň «Hormat haty» bilen sylaglanyldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.