TÄZE EÝÝAMYŇ GALKYNYŞY DÖWRI – JEBISLIK, AGZYBIRLIK WE YNSAN MERTEBESINIŇ DABARALANMAGY

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda diňleýjiler bilen Gyzylýarymaý Milli Jemgyýetiniň agzalarynyň “Täze eýýamyň Galkynyşy döwri – jebislik, agzybirlik we ynsan mertebesiniň dabaralanmagy” atly duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Gyzylýarymaý Milli jemgyýetiniň Guramaçylyk bölüminiň işgäri Kümüş Tulekowa, Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek taslamasynyň utgaşdyryjysy bölüminiň işgäri Jemile Gawrilowa, Saglygy goraýyş we lukmançylyk bölüminiň işgärleri Maýsa Ataýewa we Jennet Gulmyradowa, Halkara ynsanperwerlik hukugy we adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň işgäri Selbi Ýagşymyradowa, Maşgala gatnaşyklaryny dikeltmek, gözleg gullugy bölüminiň işgäri Anastasiýa Belýaýewa çykyş edip, guramanyň işleri bilen giňişleýin tanyşdyrdylar.

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen türkmeniň gadymdan gelýän milli ýörelgelerindäki haýyr-sahawat düşünjelerini halkara derejede utgaşdyrýan bu guramanyň işgärleriniň çykyşlary dabara gatnaşýanlarda gyzyklanma döretdi. Esasan hem bu guramanyň agzalygyna, ýardamçy toparlaryna goşulmak isleýän diňleýjileriň sany artdy. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri bilen şu häsiýetdäki duşuşyklar yzygiderli guralýar.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredip berilýän döwrebap şertler we mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.