Gahryman Arkadagymyz Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biziň bazar ykdysadyýeti şertlerinde amala aşyrýan özgertmelerimiziň çalt depginde amala aşyrylmagy, ilkinji nobatda, döwlet gullukçylarynyň, dolandyryjy hünärmenleriň sowadyna, gözýetiminiň giňligine, işjeňligine, guramaçylyk ukybyna baglydyr” diýip belleýär. Şu aýdylanlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda hem watansöýüji, sagdyn, giň ylmy dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, milli mirasymyza uly sarpa goýýan, geljekde ýurdumyzyň we halkymyzyň ykbalyny eginlerinde göterip biljek ýokary ahlakly döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda uly işler durmuşa geçirilýär. Okuw sapaklaryndan boş wagtlary talyplaryň we diňleýjileriň gatnaşmaklarynda dürli medeni çäreler, şol sanda ýurdumyzyň dürli medeni ojaklaryna gezelençler guralýar.
Ýakynda, has takygy 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyplarydyr we akademiýanyň diňleýjileriniň gatnaşmaklarynda halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda okuwlaryndan boş wagtlaryny medeniýetli dynç almaklary üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gezelenç guraldy. Bu ýerde talyplar we diňleýjiler örän gadymy taryhy bolan türkmen halkynyň, şeýle hem dünýä halklarynyň gadymy mirasy, arheologlaryň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda geçiren gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan gymmatly tapyndylar, gadymy ussalaryň ýasan bahasyna ýetip bolmajak eserleri, türkmen tebigatynyň gözelligini beýan edýän eksponatlar bilen tanyşdylar. Geçmişini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan merdana türkmen halkynyň biziň günlerimize gelip ýeten baý edebi mirasy, nesilden-nesle, atadan ogla, eneden gyza geçip gelen ruhy ahlak gymmatlyklary, görkezen gahrymançylykly hereketleri ýaşlarda watansöýüjilik ruhuny kämilleşdirýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine guralan gezelenç hem talyp ýaşlardyr diňleýjilerde watansöýüjilik ruhuny has-da ösdürmekde, milliligimizi ýaýbaňlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
