Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan etmek baradaky Kararnamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi halkymyzda kanagatlanma duýgusyny döretdi. 2025-nji ýylyň − «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynda uly many bar. Çünki Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi, açyk gapylar syýasatyny dabaralandyrmakda beýik işleri alyp barýarlar. Muňa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ençeme halkara ähmiýetli çykyşlary bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly gymmatly kitabynyň, şeýle hem dünýäniň parahatçylyk senasyna öwrülen «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly şygrynyň halkymyza gowuşmagynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi halkara derejesine bellenilip geçiler. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur mazmunly taglymatlarynyň dünýä syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» halkymyz, Watanymyz üçin ýatdan çykmajak şöhratly wakalara baý ýyllaryň biri boljakdygyny buýsanç bilen aýtmak bolar. Çünki Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkyny eşretli durmuşynda ýaşatmak ugrunda beýik işleri alyp barýarlar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ýurdumyzda halkara derejeli forumlar, festiwallar, sammitler, halkara sergileri geçiriler. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!
