13-nji aprelde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ýaponiýa ugrady. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti «EXPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşar we ýokary derejedäki gepleşikleri geçirer.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi geçirilýär.Alty aýlap dowam etjek Osaka sergisiniň guramaçylary oňa syn etmäge gelýänleri uçýan awtomobillerden başlap, emeli aňyň gazananlaryna çenli örän köp täsinlikler bilen haýran galdyrmak ugrunda irginsiz tagalla etdiler. Bu abraýly halkara gözden geçirilişe Türkmenistan hem gatnaşýar. Milli sergini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreler görüldi. Pawilýonda daşary ýurtly myhmanlar türkmen medeniýeti, taryhy, şeýle hem döwletimiziň häzirki ykdysady, intellektual, eksport kuwwaty we mümkinçilikleri bilen hemmetaraplaýyn tanyşdyrylar.
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi «Durmuşy halas etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek», «Durmuşy birleşdirmek» atly üç mowzukda guralyp, Türkmenistanyň milli pawilýony «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» bölüminde ýerleşýär. Ýurdumyzyň Milli güni ählumumy serginiň çäklerinde 14-nji aprelde, ýagny şu gün geçirilýär.
