15-nji aprelde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda resminamalaryň dolandyrylyşy we ýazuw kadalary dersi boýunça göçme okuw sapagy geçirildi. Onda institutyň hünärmenleri çykyş edip, resminamalaryň dolandyrylyşy, edebi dilimiziň sözleýiş we ýazuw görnüşleriniň aýratynlyklary, ene dilimiziň hem-de edebiýatymyzyň häzirki zaman ýagdaýlarynyň we taryhynyň düýpli öwrenilişi, ata-babalarymyzdan miras galan ygtybarly golýazma çeşmeleriň esasynda geçirilen ylmy derňewler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çykyşlarda diňleýjilere müňýyllyklaryň dowamynda dörän ynsan aň-paýhasynyň, akyl-düşünjesiniň ajaýyp miweleri bolan golýazma nusgalaryny daşary ýurt ylmy merkezlerinden we ýurdumyzyň çäklerinden toplamak hem-de täze tehnologiýalary ulanmak arkaly olary dikeltmek, rejelemek we abat saklamak, ylmy esasda öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda gyzykly maglumatlar ýetirildi. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, institutda jemi 10 müňden gowrak golýazma nusgalary saklanyp, olaryň aglaba bölegi ýazyjydyr şahyrlarymyza, halk döredijilik eserlerine degişli bolup durýar.
Talyplar okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölümlerine hem aýlanyp gördüler. Ol ýerde talyplar golýazma nusgalaryň saklanyş şerti, geçirilýän dikeldiş işleri bilen tanyş boldular. Munuň özi diňleýjileriň nazary we amaly bilimleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini doly açyp görkezdi. Şol bir wagtyň özünde bu geçirilen okuw sapagy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.
Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyzy gorap saklamakda we olary geljekki nesillere ýetirmekde bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar.
