Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary

23-24-nji aprelde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Prezident Şawkat Mirziýoýew garşylady. Myhmansöýerligiň asylly däplerine eýerilip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hormat-sarpa bildirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Özbek Lideriniň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna ugrady.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Şawkat Mirziýoýew aramgähe bardylar hem-de Özbegistanyň ajaýyp syýasy-döwlet işgärini hatyralap, gül desselerini goýdular. Soňra Milli Liderimiz Özbegistanyň Prezidenti bilen bilelikde “Silk Road Samarkand” halkara merkezindäki “Baky şäheriň” syýahatçylyk meýdançasyna bardylar. Bu merkez 2022-nji ýylyň sentýabrynda açyldy. Gahryman Arkadagymyz özbek Lideri bilen bilelikde umumy meýdany 17 gektardan gowrak bolan ägirt uly toplumyň desgalary bilen tanyşdylar. Hormatly Arkadagymyz özbek halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän gymmatlyklar, senetçilik, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň nusgalary, binagärlik desgalarynyň aýratynlyklary bilen tanşyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de özbek tarapynyň wekillerine gezelenjiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler syýasy, ykdysady we söwda ulgamlarynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýurtlarymyzyň bilelikde tagalla edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Baştutany netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar. Soňra giňişleýin düzümdäki duşuşyk geçirildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna taýýarlyk görülýändigini nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 3-4-nji aprelinde Samarkanda iş saparyny amala aşyrandygyny belledi. Bu baradaky gürrüňiň dowamynda Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň şu ýylyň 5-nji maýynda “Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” strategik dialogynyň ikinji sammitine gatnaşmak üçin Samarkanda, 6-7-nji sentýabrda bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Daşkent şäherine barjakdygy nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”  hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderini şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça geçiriljek halkara foruma hem gatnaşmaga çagyrdy.

Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklaryň ilerledilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisini, üçünji sebitara forumy we milli haryt öndürijileriň sergisini guramagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — söwda merkeziniň döredilmegi söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Onuň gurluşygy “Daşoguz — Şabat” barlag-geçiriş nokady sebitinde giň gerimde alnyp barylýar. Bu merkeziň şu ýyl ulanmaga berilmegi özara söwdany ilerletmek üçin täze mümkinçilikleri açar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aziýa — Ýewropa ugry boýunça üstaşyr ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiligiň bardygyny aýdyp, şu kuwwatdan has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda türkmen-özbek serhedinde “Farap — Olot” ulag-logistika merkezini döretmek hem-de bu işe dünýäniň iri ulag kompaniýalaryny, halkara maliýe institutlaryny çekmek meselesine garamak teklip edildi.

Sözüniň ahyrynda Milli Liderimiz Prezident Şawkat Mirziýoýewe myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, hemmelere berk jan saglyk, üstünlik, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. Goňşy ýurduň Baştutany Gahryman Arkadagymyza çykyşy, beýan eden teklipleri üçin hoşallyk bildirip, Özbegistanyň iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine Türkmenistan bilen giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassyklady.

Ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen hormat-sarpa — “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandygy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýan bu çäräniň taryhy ähmiýetini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz  we dostlukly döwletiň Baştutany Kongres merkeziniň Hormatly myhmanlar seýilgähinde iki ýurduň doganlyk halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň we dostlugynyň pugtalandyrylmagynyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdylar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Lideri “EKSPO” sergiler merkeziniň binasyna baryp, bu ýerde “Wagtyň salgymlary” atly sergi bilen tanyşdylar. Sergide adamzat siwilizasiýasynyň ösüşiniň tapgyrlary beýan edilýär. Bu ekspozisiýa Özbegistanyň Döwlet sungat muzeýiniň, Amaly-haşam sungaty muzeýiniň, Taryh muzeýiniň, Samarkandyň Taryh muzeýiniň, Termez şäheriniň Arheologiýa muzeýiniň, Horezmiň Taryh muzeýiniň gymmatlyklaryndan ybaratdyr. Görkezilýän gymmatlyklar biziň eýýamymyzdan öňki XV asyrdan häzirki güne çenli döwri öz içine alýar. Bu ýerde adamzat tarapyndan daşyň ýüzünde döredilen sungat eserlerinden başlap, misden ýasalan zergärçilik we ýüpekden taýýarlanan önümlere çenli muzeý gymmatlyklaryny görmek bolýar. Serginiň esasy maksady wagtyň taryha, siwilizasiýalara we eýýamlara täsirini görkezmekden ybaratdyr. Aýratyn-da, onuň täsin bezegi haýran galdyrýar. Sergi zalynyň ýokarsyna seredip, adam özüni galaktikada — ýyldyzlaryň arasynda ýaly duýýar. Taryh boýunça bu özboluşly gezelençde sergä gelýänleriň öňünde täsin görnüş açylýar. Bu künjek ussalaryň we döredijileriň, suratkeşlerdir senetçileriň, şahyrlaryň şäheridir. Sergide goýlan gadymy şaý-sepler, elde ýasalan önümler, matalardyr beýleki gymmatlyklar uly gyzyklanma döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gyzykly we çuň manyly gezelenç üçin minnetdarlyk bildirip, muzeýleriň hem-de şeýle sergileriň möhüm ornuny belledi. Öz nobatynda, gezelenç mahalynda Gahryman Arkadagymyzyň ýanynda bolan serginiň ýolbaşçylary belent mertebeli myhmana muzeýe gelip görendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň goňşy ýurtlara dostlukly saparlary doganlyk halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, taryhy gymmatlyklaryň we däp-dessurlaryň baýlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam eder. Şunuň bilen birlikde, geçirilen gepleşikleriň netijeleri özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine täze itergi berer, şeýle-de ählumumy derejede durnuklylygy we okgunly ösüşi üpjün etmäge goşant bolar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.