Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary

5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda möhüm duşuşyklar we gepleşikler, şol sanda dostlukly ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşikler geçirildi. Munuň özi taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň aýdyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň saparyna gabatlanyp, Türkmen-fransuz ykdysady forumy geçirildi. Bu çärä Fransiýanyň geljegi uly, durnukly ösýän türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän işewür toparlarynyň wekilleri çagyryldy.

Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa resmi saparynyň çäklerinde “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň kabulhanasynda Marten Buig bilen duşuşygy boldy. “Buig” kompaniýasy Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri bu kompaniýa bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belledi. Bilelikde üstünlikli durmuşa geçirilen ençeme taslamalar munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Kompaniýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri ýurdumyzda işläp gelýär. Şunda bu düzümiň iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle-de Türkmenistanda fransuz dilini öwretmek boýunça goşýan goşandy barada aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabatda kompaniýa tarapyndan gurlan, fransuz diline ýöriteleşdirilen mekdebiň hereket edýändigi bellenildi.

Duşuşygyň barşynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de “Buig” fransuz kompaniýasynyň bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagynyň mümkinçiligine garaldy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “InterContinental Paris — Le Grand” myhmanhanasynda geçirilen Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Fransiýanyň “MEDEF-International” halkara assosiasiýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Filipp Gautýe mähirli garşylady.

Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen foruma Fransiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň wekiliýet agzalary, türkmen işewürleri gatnaşdylar.

Filipp Gautýe bu forumyň oňa gatnaşýan fransuz kompaniýalary üçin taryhy wakadygyny hem-de onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyny nygtap, çäräniň giň wekilçilikli düzüminiň Türkmenistanyň özüne çekijiligini görkezýändigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda  şu günki duşuşygyň guralandygy hem-de türkmen-fransuz ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin fransuz tarapyna minnetdarlyk bildirip, forumdaky çykyşynyň üç ugurdan ybaratdygyny belledi. Olaryň birinjisi Türkmenistanyň häzirki geosyýasy ýagdaýy, ikinjisi geoykdysady ýagdaýy, üçünjisi bolsa bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen bagly meseledir.

Bilelikdäki işleriň dowamynda toplanan tejribe hem-de onuň netijeleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine ynamly garamaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan fransuz işewürlerine maýa goýumlary goýmak, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli amatly şertleri döretmegi teklip etmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz bäş ugur boýunça hyzmatdaşlyk meselesine ünsi çekdi.

Birinjiden, fransuz önümlerini we hyzmatlaryny Türkmenistanyň bazarynda mundan beýläk-de öňe sürmäge taýýardyrys. Aýratyn-da, olary nebitgaz pudagy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, kadastr, suw serişdeleri, himiýa senagaty, derman serişdeleri we beýleki ugurlarda öňe sürmäge taýýardyrys.

Ikinjiden, Türkmenistan şäherleri ösdürmek, metan zyňyndylaryna monitoring, geologiýa gözleg-barlag işleri, nebitgaz enjamlary bilen üpjün etmek, «ýaşyl» we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy fransuz tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär. Bu soraglar Energetika babatda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň gün tertibine goşulyp bilner. Iş toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýyl geçirmegi teklip edýäris. Şeýle hem 2024-nji ýylda Parižde guralan energetika forumy ýaly halkara çäreleri geçirmegiň tejribesini dowam etdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Nygtalyşy ýaly, üçünjiden, kiçi we orta fransuz kärhanalaryny biziň ýurdumyzda işewürligi alyp barmaga çekmek mümkinçiligini öwrenmek zerur bolup durýar.

Dördünjiden, Fransiýanyň syýahatçylyk pudagynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýändigini we Türkmenistanyň uly syýahatçylyk mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, bu geljegi uly ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyrys.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň bäşinji ugur hökmünde ýokarda bellenenleriň ählisi boýunça milli hünärmenleri taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigine ünsi çekdi. Biz ýokarda beýan edilen we beýleki teklipleri iş ýüzünde ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys. Türkmenistanyň işewürleriniň hem şu günki duşuşyga gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr diýip, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiýasyny ulgamlaýyn meýilnamalaşdyrmak üçin ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz sözüniň ahyrynda şu duşuşygy gurandyklary üçin fransuz tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, foruma gatnaşyjylara netijeli hyzmatdaşlyk etmegi arzuw etdi.

Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ýeliseý köşgünde  geçirilen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler häzirki wagtda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekip, bu mümkinçilikleri has işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtadylar. Nebitgaz toplumy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, gurluşyk, suw serişdeleri, himiýa hem-de derman senagaty, oba hojalygy we beýlekiler türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassykladylar.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Fransiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda durnukly şäher ösüşi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Jarnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň arasynda bilim we ýokary okuw mekdepleri ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy”; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Fransiýanyň Tebigy taryhynyň milli muzeýiniň arasynda arheologik ylmy-barlag işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Thales Alenia Space France» kompaniýasynyň arasynda “TürkmenÄlem 52°E-2” milli telekommunikasiýa hemrasyny üpjün etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kayrros SAS» kompaniýasynyň (Fransiýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Bu resminamalar döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Fransiýa Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Milli Liderimiz Watanymyza dolanyp geldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary döwletara gatnaşyklarda täze sahypany açyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygynyň aýdyň güwäsi boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda maliýe-bank, ýangyç-energetika, şähergurluşyk, aragatnaşyk, kosmos, telekommunikasiýa, söwda-ykdysady ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky anyk mysaly boldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.