Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

14-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda talyplara, diňleýjilere we mugallymlara mugallymçylyk ussatlygynyň täze usullaryny, tärlerini, ýörelgelerini ulanyp, döwrebap sapak bermekde degişli ukyp-başarnyklary kämilleşdirmek maksady bilen, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň halypa mugallymlarynyň gatnaşmagynda uzak aralyklaýyn wideoşekilli okuw sapagy geçirildi.

Onuň dowamynda okuw-terbiýeçilik işinde ýaş aýratynlyklary hasaba almagyň psihologik aýratynlyklary, okatmagyň ýörelgeleri, usullary we düzgünleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Halypalar  çykyşlarynda bilim bermekde üns bermeli esasy meseleler, alymlaryň bu hakdaky pikirleri, okatmagyň ýörelgeleriniň görnüş aýratynlygy barada hem çykyşlarynda belläp geçdiler. Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň  döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler hakynda hem giňişleýin aýdyldy.

Bellenilişine görä, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, giň dünýägaraýyşly, sowatly çagalary ösdürip ýetişdirmek döwrüň talaby bolup durýar. Şundan ugur alyp, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli bilim edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak, çagalara berilýän bilimiň mazmunyny, hilini kämilleşdirmek giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde ösüp barýan ýaş nesilleri okatmak we terbiýelemek işinde olaryň ýaş we ýekebara aýratynlyklaryna laýyklykda çemeleşmek ýörelgesinden  ugur almak uly ähmiýete eýe bolup durýar. Mugallymyň işiniň esasy wezipesi okuwçylaryň işjeň we  aňly akyl ýetiriş işini dolandyrmakdyr.

Bu okuw sapagy talyplarda we mugallymlarda uly täsir galdyrmak bilen, talyplara, diňleýjilere we mugallymlara bilimiň ähli derejelerinde okuw derslerini  okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň maksatlary, wezipeleri we häzirki zaman çemeleşmeleri, şeýle hem okatmagy milli we dünýä tejribesine laýyklykda alyp barmak hakynda giňişleýin düşünje almaga ýardam etdi.

Hormatly Prezidentimiz: “Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys” diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň okatmagyň we terbiýe bermegiň hilini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça berýän her bir tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde mugallymyň paýyna düşýän jogapkärçilik hem ýokarlanýar.

Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilime, ylyma uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza okamaga, işlemäge döredýän mümkinçilikleri üçin çäksiz sagbolsun aýtdylar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.