30-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy.
Sammitiň geçirilen ýeri bolan «Garaşsyzlyk» köşgüniň eýwanynda Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew garşylady.
Sammitiň öňüsyrasynda bu ýerde hormatly Prezidentimiz Italiýanyň Premýer-ministri hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Gazagystanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň işine Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynda bu duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, geljegi uly bolan bu görnüşiň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini we ony ösdürmäge goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz sebit hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürdäki has möhüm ugurlarynyň hatarynda syýasat we howpsuzlyk, ykdysadyýet, ulag, howa, suw serişdeleri ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygyny belledi.
Şeýle-de Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp halkara forumyň geçiriljekdigini, onda dünýä gurluşy, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen syýasy dialogyň medeniýetini ösdürmek, ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmek babatda esasy meselelere serediljekdigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, sammite gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ählisini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz sebit howpsuzlygy baradaky meselä geçip, Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns çekdi we Türkmenistanyň bu ýurduň häzirki häkimiýetleri bilen halkara dialogy ýola goýmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegi möhüm hasaplaýandygyny aýtdy hem-de durnukly we ykdysady taýdan ösýän Owganystanyň bütin halkara bileleşigiň bähbitlerine laýyk gelýändigine ýurdumyzyň ynanýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekip, energetika, ulag, senagat, maliýe we hususy pudaklary özara hyzmatdaşlygyň däp bolan möhüm ugurlarynyň hatarynda, sanly ulgam, «ýaşyl» tehnologiýalar we emeli aň ýaly ulgamlary bolsa hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda belledi. Şeýle-de energetika meselesini aýratyn belläp, türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Wodorod energetikasy bilelikdäki işiň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde bellenildi. Mälim bolşy ýaly, tebigy gaz ýakyn onýyllyklarda wodorody almagyň esasy çeşmesi bolup galar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň bu ugurda italiýaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ulag özara baglanyşygy baradaky meselä geçip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazar sebitiniň üstünden geçýän «Orta geçelge» Ýewropa taslamasynyň geljegi uly taslamalaryň biridigine ünsi çekdi. Şeýle-de Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwründe Hytaýyň Sianyndan gaýdyp, Rime we Wenesiýa çenli baran bu ýoluň Merkezi Aziýanyň çäginden geçendigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, biziň halklarymyzyň şeýle özboluşly taryhy mirasynyň aýawly saklanylmaga we doly öwrenilmäge degişlidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda eýýäm otuz ýyldan gowrak wagt bäri italiýaly arheologlaryň netijeli işleýändiklerini hem-de özara ylmy hyzmatdaşlyk işine möhüm goşant goşýandyklaryny uly kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň Rimde «Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar» atly arheologik sergini guramagy maksat edinýändigini belläp, bu serginiň halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna örän uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky we akademiki hyzmatdaşlygy goldaýandygyny tassyklady hem-de Türkmenistanda italýan dilini öwrenmäge, italýan medeniýetine we sungatyna uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, bu işe mundan beýläk-de ýardam ediljekdigini belledi.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede hem, «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň çäklerinde hem mundan beýläkde berkitmäge we giňeltmäge eýerýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimize çuň many-mazmunly çykyşy we beýan eden anyk teklipleri hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk baradaky oňyn garaýyşlary üçin hoşallyk bildirdi.
Sammitde çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa gadymy döwürlerden bäri Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän köpri bolmak bilen, sebitara dialogy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda sebitimiz hoşniýetli goňşuçylyk we ählumumy ösüş ýörelgelerine berk ygrarly bolup, halkara gatnaşyklaryň möhüm agzasy hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar.
Açyk we netijeli häsiýetde geçen dialogyň dowamynda sammite gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleri bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, maýa goýumlary çekmegiň, telekeçiligi goldamagyň, energetika, suw serişdeleri, durnukly oba hojalygy, saglygy goraýyş we ulag arabaglanyşygy ýaly ulgamlarda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler hem-de «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdiler.
«Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitiniň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystana iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Watanymyza gaýdyp geldi.
