1-2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy.
2-nji iýunda Ulan-Batorda iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady. Döwlet Baştutanymyz bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilendigini aýdyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu ugurdaky maksatlara ýetiljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mongoliýa bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi we ep-esli giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklap, häzirki döwürde bu ugurda hyzmatdaşlyga güýçli depgin we köpugurly häsiýet bermek üçin ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, bu ugurda tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýurtlaryň ençemesiniň çäklerini öz içine alýan utgaşdyrylan ulag-logistika geçelgelerini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýän «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» başlangyjyny öňe sürdi. Bu taslamalar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň meseleleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Şu ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň derejesinde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Bu maslahat «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly şygar bilen geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mongoliýany bu maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrdy. Bu ugurda Türkmenistanyň mongol tarapy bilen bir maksada gönükdirilen dialogyň dowam etdirilmegine bil baglaýandygy bellenildi.
Şu ýyl Türkmenistan üçin aýratyn ýyldyr. Şu ýyl ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýär. Şeýle hem 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu wakalaryň şanyna şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda halkara forum geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhy bu dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beýan eden ähli tekliplerini goldap, Mongoliýanyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň hem-de ugurdaş düzümleriniň arasynda gol çekiljek resminamalaryň möhüm ähmiýetini nygtady.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda:
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça topary döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda söwda, ykdysady we maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin orta möhletli Maksatnama; Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalygy we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda ýeňil senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Mongoliýanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Mongol milli lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Mongoliýanyň Milli uniwersitetiniň Syýasy ylymlar, halkara gatnaşyklary we jemgyýetçilik dolandyryşy mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Aşgabat şäher häkimligi bilen Ulan-Bator şäheriniň merliginiň arasynda Aşgabat şäheriniň we Ulan-Bator şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Mongoliýanyň milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Mongol ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Mongoliýanyň Milli telewideniýesiniň arasynda teleradioýaýlymlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen «MONTSAME» Mongol milli habarlar agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
***
Şeýle-de şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy.
