1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli “Bilimler we talyp ýaşlar güni Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň beýik buýsanjydyr” atly hoşallyk dabarasy geçirildi. Oňa akademiýanyň professor mugallymlary, diňleýjileri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory Alym Annamyradow gutlag sözi bilen çykyş edip, ilki bilen akademiýanyň diňleýjilerini we talyplary Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlady. Şeýle-de çykyşda bellenilişi ýaly, şu gün— 1-nji sentýabrda Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy boldy. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli umumybilim berýän orta mekdeplerde, başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bilim ulgamyna degişli binalardyr desgalaryň ençemesi açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi täze taryhy eýýamda milli bilim ulgamyny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigini tassyklady. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir».
Maslahatyň dowamynda çykyş eden Döwlet dolandyryş fakultetiniň dekanyñ orunbasary Ýazmyrat Küläýew öz çykyşynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşi, bu ugurda durmuşa geçirilýän işler hakynda aýtdy. Şeýle-de çykyşyň dowamynda Ý.Küläýew Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”, “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň jemgyýetiň aňyýetine oňyn täsir etmekde ägirt uly ähmiýetini belledi. Onda ata-babalarymyzyň beýik işleri, edep-terbiýe, ruhy gymmatlyklar, mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, türkmen topragynyň gülläp ösüşleri hakynda söz açylýar we taryhyň, şu günüň, geljegiň özara baglanyşygy barada çuňňur oýlanmalar beýan edilýär.
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy, Akademiýanyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Gülşirin Hanowa Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň, durmuşymyzyň mundan beýläk-de gözelleşmeginiň bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesle baglydygyny göz öňünde tutmak bilen, bilim ulgamyna aýratyn üns berilýändigini öz çykyşynda belläp geçdi. G.Hanowanyň ýurdumyzyň ösüşleri, Watanymyzyň mukaddesligi barada okan goşgusy ýaşlaryň watansöýüjiligini has-da artdyrmaga ýardam etmek bilen, dabara gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi. Şeýle-de dabarada ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kanunçylygy barada Halkara hukugy kafedrasynyň mugallymy Myrat Saryýew hem çykyş etdi.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň gazananlaryna, bu ugurda ýaşlara döredilýän mümkinçiliklere hoşallyklary barada akademiýanyň Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwynyň 2-nji ýyl diňleýjisi Gülbahar Gurbanowa we Magistrleri taýýarlamak ugrunyň Ylym we bilim işlerini dolandyrmak hünäriniň talyby 1-nji ýyl talyby Aýşa Muhammedowa çykyş etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar häzirki wagtda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we onuň dünýä derejesine laýyk gelmegini gazanmak, bilim edaralarynyň gerimini giňeltmek, innowasion serişdeleri ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrmak, bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, bu ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar!
