Halk Maslahaty — döwlet bilen halkyň arasynda berk köpri

Watana söýgi we Garaşsyzlyk — türkmen jemgyýetiniň ruhy sütünleridir. Bu mukaddes düşünjeleriň pugtalandyrylmagynda we döwlet derejesinde öňe sürülmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän uludyr.

Ýakyn günlerde ýurdumyzda geçiriljek bu ählihalk forumyna  -  Türkmenistanyň  Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine il-halkymyz  uly buýsanç bilen barýar. Şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda:

«Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris. Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys» diýip, bu taryhy wakanyň ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň esaslaryny has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Halk Maslahaty halkymyzyň Watana bolan söýgüsini hem-de Garaşsyzlygyň ähmiýetini beýgeltmekde, döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemekde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän möhüm çözgütler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilýär.

Häzirki wagtda halkymyzyň ruhy ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň dürli kärdäki raýatlarynyň, dürli jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Munuň özi ýurdumyzda milli demokratiýanyň yzygiderli ösdürilýändigini, pugtalandyrylýandygyny tassyklaýar.

Ol asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelýän halkyň ygtybarly wekillerine sarpa goýmagyň, agzybirligiň we jebisligiň subutnamasydyr. Döwletli maslahatda ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna degişli meselelere garalýar. Ýurdumyzyň ösüş ugurlaryndaky esasy wezipeler bilen halkymyz giňden tanyşdyrylyp, olary ýerine ýetirmegiň anyk ýollary kesgitlenilýär. Şeýle edilmegi bilen, bu gün türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda agzybirlikde, maslahatly kabul edilýän çözgütler bilen abadan durmuşyň berkararlygyny, täze ösüşleriň binýadyny gurýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň öňde duran maksatlara amal etmäge, beýik tutumlary durmuşa geçirmäge ukyplydygynyň ýene bir görkezijisi bolup durýar.

19-njy sentýabrda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy syýasy-jemgyýetçilik wakalarynyň biri bolup, onda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak ýaly halk bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleler halkymyzyň ygtybarly wekilleri bilen maslahatlaşylyp, her bir adamyň ykbalyna şugla saçjak çözgütler kabul ediler. Ählihalk forumy döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň, agzybirligiň we jebisligiň nobatdaky nusgasyna öwrüler. Pederlerimiziň bu nusgalyk ýolunda Watan mukaddesligi, ynsan mertebesi örboýuna galýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli wezipeleriň, oňyn çözgütleriň her biri watandaşlarymyzy bagtyýarlyk nury bilen çoýýar.

Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmakda bimöçber tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.