Garaşsyzlyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Garaşsyzlyk Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr. Geçen ýyllarda merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik hem-de gurujylyk güýji netijesinde berkarar Watanymyz hemmetaraplaýyn ýokary depginde ösýän döwlete öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň ähli ulgamlarynda amala aşyrylan ägirt uly işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Gysga döwürde gazanylan durmuş-ykdysady ösüşler raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrdy, gurýan we özgerýän döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny pugtalandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: ilatyň maddy - hal we durmuş medeni ulgamynyň kämilleşdirmeginiň kepilligi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Akademiýanyň we ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, diňleýjileri, talyplary Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.K.Annamyradowyň giriş sözi bilen ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.

Maslahatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler barada çykyşlar diňlenildi. Ylmy-amaly maslahat umumy mejlisden we iki sany bölümçeden ybarat bolup onuň umumy mejlisinde «Türkmenistanda durmuş syýasatynyň dabaralanmagy-Garaşsyzlygyň kepilidir», «Sanly ykdysady ösüşde döwlet statistikasynyň orny», «Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gullukçylaryny taýýarlamak », «Bagtyýar ýaşlar ýurduň gelejegi», «Döwlet Garaşsyzlygy - halkyň göterilen ykbaly» atly temalar boýunça çykyşlar diňlenildi. Bölümçelerde türkmen halkynyň şöhratly geçmişinde müdimilik orun alan bu möhüm seneden bäri geçilen taryh üçin uzak bolmadyk wagt aralygynda döwletimiziň syýasy-ykdysady durmuşynda gazanylýan üstünlikler dogrusynda çykyşlar diňlenildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen köpugurly işleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.