Garaşsyzlyk – ähli üstünliklerimiziň özeni

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli “Mukaddes Watanda şanly toý bu gün” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa akademiýanyň ähli işgärleri we diňleýjidir, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Mukaddes Garaşsyzlygymyz, ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan ösüşler,baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň ähmiýeti, onuň dowamynda öňde goýlan wezipeler barada buýsançly çykyşlar edildi.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň taryhy mejlisi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, şeýle hem ýurdumyzda gazanylýan ykdysady ösüşler barada akademiýanyň rektory Alym Annamyradow çykyş etdi. Bellenilişine görä, Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forum, onuň dowamynda kesgitlenen netijeler, öňümizde goýlan wezipeler jemgyýetçilik we döwlet durmuşy jähetinden möhüm ähmiýete eýe bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, daşary syýasy abraýyny pugtalandyrmakda, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda ýeneki tutumly işlere badalgadyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ösüşini maksatnamalaýyn esasda alyp barmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle-de täze tehnologiýalar we innowasiýalar esasynda, häzirki zaman ykdysadyýetini döretmekde uly üstünlikler gazanylýar. Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, durnukly ösüşi gazanmak bilen, ykdysadyýetimiziň binýatlyk esaslary has-da berkidilýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Pikir alyşmalaryň barşynda, ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, şeýle-de milli we halkara derejesinde ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler barada akademiýanyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy, Hünär ýokarlandyryş fakultetiniň dekany Guwanç Pirnepesow öz çykyşynda belledi.

“Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Diýarymyzy ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Her ýylda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna uly möçberli maýa goýumlaryň gönükdirilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen bir hatarda, bank-maliýe ulgamy yzygiderli ösdürilýär, statistiki hasabatlylyk halkara ölçeglere laýyk getirilýär, bank ulgamynda ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär, pul-karz hem-de hasaplaşyk töleg ulgamlary döwrebaplaşdyrylýar. Häzirki wagtda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenilen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýär” diýip, Ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň uly mugallymy Maýsa Mämiýewa umumymilli forumyň ähmiýeti dogrusynda eden çykyşynda belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisiniň dowamynda yhlasly, tutanýerli zähmet çeken ildeşlerimiziň birnäçesi döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Dabarada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, “Watana bolan söýgüsi üçin” Zalila Rozyýewa çykyş edip, çeken zähmeti üçin mynasyp bolan sylagy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözlerini aýdyp, geljekde-de tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy. Soňra ýurdumyzda ýaşlarymyz üçin döredilýän mümkinçiliklere hoşallyk sözlerini aýtmak üçin akademiýanyň Ylym we bilim işlerini dolandyrmak hünäriniň 2-nji ýyl talyby Selbi Jumageldiýewa söz berildi. Bellenilişine görä, ýurdumyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, döwrebap terbiýe almaklary, döredijilik, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri, Züleýha Kakaýewanyň, Sahydursun Hojakowanyň, Suhan Orazberdiýewiň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.