2025-nji ýylyň oktýabr - noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde, döwlet gullukçylarynyň hukuk we maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak, olaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça sanly ulgam arkaly uzak aralykdan gysga möhletli okuwlary geçdiler.
Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlarydyr diňleýjileri we talyplary gatnaşdylar. Okuwlar Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary tarapyndan alnyp baryldy. Okuw sapaklarynyň dowamynda “Döwlet gullukçylarynyň maliýe sowatlylygynyň durnukly sebitleýin ösüşde strategik ähmiýeti", "Şahsy maliýe sowatlylygy", "Şahsy we hünär meseleleriniň kesişýän ýerinde döwlet gullukçylarynyň maliýe sowatlylygy: etika" we "Zähmet hukugynyň özgerdilmegindäki döwrebap meýiller" ýaly temalar boýunça çykyş edildi. Okuw maslahatlar her bir döwlet gullukçysy üçin zerur bolan hukuk we maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmakdaky esasy pikirleri öz içine almak bilen, gatnaşyjylarda häzirkizaman kanunçylygyndaky özgertmeleri, maliýe meýilnamalaşdyrmagyň esaslaryny, şeýle hem býujet we serişdeleri dolandyrmak usullary baradaky halkara tejribeleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
Bu gysga möhletli okuwlaryň esasy maksatlarynyň biri –hukuk resminamalary we maliýe hasabatlary seljermek işinde döwlet gullukçynyň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Okuw sapaklarynda çylşyrymly ýagdaýlarda dogry netije çykaryp bilmek ukybyňy ösdürmek, ýerine ýetirilýän işlerde açyklygy üpjün etmek barada hem gürrüň edildi. Nazary bilimler bilen birhatarda, amaly okuwlarda hem ýerine ýetirilen ýumuşlar oňa gatnşyjylaryň hukuk we maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etdi.
Okuw maslahatlar tamamlanandan soň, gatnaşyjylara täze bilimlerini we başarnyklaryny tassyklaýan şahadatnamalar gowşuryldy. Bu diňe bir olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem döwlet gullugynda mundan beýläk-de özgeriş üçin şertleri döredýär.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleriniň bellemegine görä, hukuk we maliýe sowatlylygy boýunça geçirilen onlaýn okuwlar häzirki zaman jemgyýetiniň kynçylyklaryny netijeli çözmäge we döwlet edaralarynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim boldy. Şeýle maslahatlary geçirmek adam serişdeleri ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek we döwlet gullugynda sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin örän möhümdir.
