23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda magistrler maksatnamasy boýunça “Konstitusiýa hukugy” ugruny tamamlan talyplara şeýle-de täze “Ylym we bilim işlerini dolandyrmak” ugry boýunça bilim alan ilkinji uçurymlara diplom gowşurylyş dabarasy geçirildi. Oňa akademiýanyň ýolbaşçy düzümleri, professor mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.
Diplom gowşurylyş dabarasynyň başynda akademiýanyň rektory Alym Annamyradow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Çykyşda bellenilişine görä, Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda açylyp ulanmaga berlen akademiýanyň täze binasynda talyplaryň ýokary derejede bilim almagy üçin ähli amatlyklar döredildi. Bu ýerde öwrenen bilimleri we alan başarnyklary ýaşlara döwlet gullugynda ýüze çykýan wezipeleri üstünlikli çözmekde ýardam eder. Okuw meýilnamasyna laýyklykda, talyplar möhleti 1,5 ýyl bolan “Ylym we bilim işlerini dolandyrmak” we “Konstitusiýa hukugy” ugurlarynda, degişlilikde, 20-ä golaý ders boýunça bilim aldylar, özlerini kämilleşdirdiler. Olaryň dowamynda talyplara saýlap alan hünärlerine görä, professor mugallymlar tarapyndan giňişleýin we düýpli bilim berildi. Şeýle-de talyplaryň döwlet gullukçylaryna mahsus bolmaly ahlak-edep kadalary, döwlet gullugynda özüňi alyp barmagyň endikleri barada, hukuk düşünjeleriniň kämilleşmegi, ykdysady garaýyşlarynyň giňemegi üçin zerur bolan maglumatlar öwredildi. Ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmagy üçin hem mümkinçilikler döredildi. Olar ýörite lingafon otaglarynda daşary ýurt dillerini öwrenmek we kämilleşdirmek boýunça sapaklary geçdiler. Okuw möhletiniň dowamynda şanly senelere bagyşlanylyp, ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, seminarlar we beýleki çäreler hem yzygiderli geçirildi. Daşary ýurt döwlet gullugy akademiýalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, talyplar üçin daşary ýurtly bilermenleriň, professor-mugallymlaryň, görnükli alymlaryň gatnaşmaklarynda okuw maslahatlary geçirildi. Maksatnama boýunça okadylan dersleriň ählisi ýurdumyzyň dolandyryş ulgamynda ýokary derejeli, hünärli we işine wepaly hünärmenleri taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan möhüm döwlet maksatnamasynyň bir bölegidir.
Çykyş edenler: “Geljekde Akademiýada alan bilimleriňizi öz işiňizde, durmuşyňyzda peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, il-halkymyz, ata Watanymyz üçin mynasyp döwlet gullukçylary bolup, döredijilikli zähmet çekjekdigiňize ynanýarys. Çünki siziň her biriňiziň üstünligiňiz-akademiýanyň, şol sanda size bilim beren mugallymlaryň üstünligi” diýip, olara ak ýol arzuw etdiler.
Dabaranyň dowamynda akademiýany üstünlikli tamamlan 48 talyba diplom gowşuryldy. Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakyndaky tagallalaryna jogap edip, okuwda ýokary görkezijileri görkezendigi hem-de watansöýüjilik duýgusy bilen medeni köpçülik çärelerine işjeň gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan belent işlerini yzygiderli wagyz-nesihat etmekde öz mynasyp goşandyny goşandygy bilen tapawutlanan talyplaryň birnäçesi “Hormat haty” bilen sylaglandy.
Uçurymlar hem öz gezeginde, çykyş edip, bu ýerde bilim beren ähli mugallymlara, ýurdumyzda okamak, bilim almak, hünäriňi kämilleşdirmek üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Bellenilişine görä, bu ýerde alan bilimlerimiz geljekde işlerimizde, durmuşymyzda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny mundan beýläk-de ösdürmekde we ony täze tapgyra çykarmakda ýol görkeziji çelgi bolup durýar. Professor mugallymlar okan döwrümizde biziň ylym ýolumyzdaky ilkinji ädimlerimizde halypalyk maslahatlaryny, dolandyryşyň aýratynlyklary, bu ugurda kadalaşdyryjy namalar, resminamalaryň dolanyşygy, sanly dolandyryş, hukuk we maliýe sowatlylygy ýaly dürli ugurlar boýunça giňişleýin bilim berdiler. Okuw sapaklarynda çylşyrymly ýagdaýlarda dogry pikirlenip, netijeli karar kabul etmek, ýerine ýetirilýän işlerde açyklygy üpjün etmek barada hem gürrüň edildi. Şeýle-de saýlap alan hünärlerimize görä, ýurdumyzyň abraýly döwlet edaralarynda tejribelik geçip, nazary bilimlerimizi berkitmäge hem giň mümkinçilikler döredildi.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany söýmekdir. Çünki Watany söýmek — bu Watanyň asudalygy, gülläp ösüşi üçin zähmet çekmekdir, yhlas etmekdir. Şoňa görä-de, Watana, halka hyzmat edip, sylag-hormata mynasyp bolmak her bir ynsan üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir. Sebäbi kim Watanyny depesine täç eýlese, Watany hem ony başyna täç eýlär. Biz hem geljekde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly sözlerinden ruhlanyp, berkarar Watanymyzyň abraý-mertebesine, bedew batly ösüşine mynasyp goşandymyzy goşup, yhlasly zähmet çekip, eziz Diýarymyzy has-da beýgeltjek tutumly işleri amala aşyrarys diýip ynandyrýarys.
Döwlet dolandyryşynda, halky belent maksatlara tarap öňe alyp gitmekde beýik mekdep, ähli babatda nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
