Bu günki gün Türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygyny alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralar 16-18-nji mart aralygynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda “Nowruz – tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy” ady bilen geçirildi.Baýramçylyk dabarasynda Nowruzyñ ähmiýetini, baharyñ gözelligini wasp edýän aýdym-sazlara, amaly-haşam sungatynyň sergilerine uly orun berildi. Baýramçylyk dabarasyna professor mugallymlar, diňleýjidir talyp ýaşlar, şeýle-de bagşy-sazandalar bilen bir hatarda, döredijilik äleminiň wekilleri hem gatnaşdylar. Gurnalan sergilerde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler, gazanylýan ösüşler öz beýanyny tapdy.
Ata-babalarymyz Nowruz gelen güni biri-birine iň gowy arzuwlaryny edip, saçaklaryny süýji nygmatlar, esasanam, bugdaý gögerdilip taýýarlanylýan semeni bilen bezäpdirler. Bu däpler biziň agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkidýär. Nowruz baýramy türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Iň gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri, Watana bolan söýgi halkymyzyň medeniýetiniň binýadyny emele getirýär. Täze taryhy döwürde halkymyzyň ynsanperwer, ruhy-ahlak gymmatlyklary ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň baýramçylyk mynasybetli geçirilen aýdym-sazly çäräniň açylyş dabarasyndaky çykyşynda hem belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Nowruz baýramy täze many-mazmuna eýe bolup, halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini dünýä ýüzünde dabaralandyrýar. Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, ol dünýäde medeni-ynsanperwer ýörelgeleri kämilleşdirmäge, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Bu günki gün baý many-mazmuna beslenýän Nowruz baýramynyň şatlyk-şowhuny her bir maşgala ojagyna sahawatlylyk, döwletlilik, agzybirlik getirýär.Ol halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyryp, ýüreklerde ata Watanymyza, bagtyýar şu günümize, nurana geljegimize buýsanç duýgularyny oýarýar.
Dabarada Türkmenistanyň at gazanan artisti, kompozitor Omar Igamow, şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa hem öz çykyşlarynda Nowruz baýramynyň taryhy kökleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren kitaplarynyň milli mirasymyza sarpa goýmakda, olary nesillere ýetirmekdäki ähmiýeti, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler we gazanylýan zähmet ýeňişleri, agzybirlik, jebislik barada gyzykly gürrüňleri berdiler.
Baýramçylyk dabarasynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, tans we halk döredijiligi eserleri, mähriban Watanymyzy, täze taryhy döwrümizi, gazanýan uly üstünliklerimizi wasp edýän çykyşlar oňa gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi. Halk sazlarynyň, aýdymdyr tanslaryň döwrebap äheňler bilen sazlaşykly utgaşmagy nesilleriň we döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, türkmen sungatynyň gülläp ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar köklerini çuňňur pelsepewi garaýyşlardan alýan ruhy gymmatlyklarymyzy halkara derejesinde rowaçlyklara utgaşdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
