21-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Berkarar Watanymyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi Diýarymyzyň ähli künjeginiň bagy-bossanlyga öwrülmegi bilen bir hatarda, ýurdumyzda degişli ekologik derejäniň saklanmagynyň hem baş şertini emele getirýär. Asylly däbe öwrülen bu giň gerimli ekologiýa çäresi Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky maksatlary ilerletmäge, jemgyýetde ekologik medeniýeti kemala getirmäge ýardam berýär. Şu gezekki ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda, tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 611 müň 962 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 24 müň 240 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi. Şeýlelikde, ählihalk bag ekmek dabarasy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň nobatdaky beýany boldy.
Tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda hem geçirildi. Oňa akademiýanyň ähli professor mugallymlary, işgärleri, diňleýjilerdir talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar akademiýanyň çäginde we onuň golaýyndaky bag meýdançalarynda agaç nahallaryna ideg etdiler, ýan-ýodalarda tämizlik işlerini ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen şeýle çäreleriň geçirilmegi täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, amatly howa şertleriniň emele gelmegine ýardam berýär. Ýaz paslynyň ajaýyp çagynda, Milli bahar baýramynyň toýlanýan gününde geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabaralary tebigata bolan söýginiň halkymyzyň durmuş medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülendigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
