Akademiýanyň talyplarynyň halkara derejesindäki üstünligi

30-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitiniň gurnamagynda geçirilen informatika boýunça IV Halkara açyk internet olimpiadasynda ýeňiji bolan “Sanly dolandyryş” ugrunyň talyplaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa akademiýanyň professor mugallymlary, diňleýjiler we talyplar gatnaşdylar. Dabaranyň çäklerinde ýeňiji bolan talyplara degişli diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, 15-16-njy aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň  arasynda informatika boýunça  IV Halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi. Olimpiada Türkmenistandan, Russiýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Hytaýdan, Germaniýadan, Rumyniýadan, Malaýziýadan, Gruziýadan, Türkiýeden, Ermenistandan, Saud Arabystanyndan we Liwiýadan ýokary okuw mekdepleriň 57-sinden talyplaryň 800-e golaýy gatnaşdylar. Bäsleşige Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň “Sanly dolandyryş” ugrunyň talyplary hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda talyplaryň bu halkara üstünligi mynasybetli guralan dabarada  akademiýanyň rektory çykyş edip, “Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň  hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýakynda ýokary dereje geçirilen halkara olimpiadasynda  magistrleri taýýarlamak okuwynyň “Sanly dolandyryş” ugry boýunça bilim alýan talyplarymyzyň  6-synyň, ýagny Batyr Annamyradowyň, Akmuhammet Aşyrowyň, Şahnoza Bahtyýarowanyň, Böri Hydyrowyň, Arslan Omarowyň,  Bezirgen Ýaýlymowyň üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp  bolmagy, ählimiz üçin guwandyryjy wakalaryň biri bolmak bilen, munuň özi ýurdumyzda ýaşlarymyza bu ugurda  berilýän bilimiň, okadylýan sapaklaryň ýokary netijesiniň güwäsidir ” diýip belledi.

Dabarada çykyş eden akademiýanyň ykdysadyýet we maliýe  kafedrasynyň mugallymy Şamuhammet Baýramow: “Halkara derejesindäki bäsleşiklerde talyplarymyzyň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy bizi buýsandyrýar. Olimpiadanyň mazmuny häzirkizaman IT-ulgamynyň iň çylşyrymly we aktual sütünlerini öz içine aldy. Ýekebara görnüşde geçirilen bäsleşikde gatnaşyjylara berlen 120 minudyň dowamynda algoritmik programma düzmek, maglumatlary seljermek, emeli aň, kiberhowpsuzlyk  ýaly ugurlar boýunça jemi 10 sany ýumuş berildi. Akademiýanyň talyplarynyň 6-sy hem bu ýumuşlary üstünlikli ýerine ýetirip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Talyplarymyzyň  bu halkara derejesindäki üstünligi ýurdumyzda ylymly, bilimli ökde hünärmenleriň taýýarlanýandygyny äşgär etdi. Bäsleşikde ýeňijileri kesgitlemekde ýurdumyzyň professor-mugallymlary tarapyndan işlenilip taýýarlanylan milli programma üpjünçiliginiň ulanylmagy Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň ynamly ösýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy” diýip belledi.

Dabarada ýeňiji bolan talyplara hem söz berildi. Olar hem öz gezeginde,  ýurdumyzda okamak, döretmek, şeýle halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.