11-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, “Ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk esaslaryny berkitmekde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Akademiýanyň professor-mugallymlary, diňleýjileri we talyplary, şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisinden, Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutyndan, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyndan, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinden, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinden, Adalat ministrliginden, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçydan, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinden wekiller gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyñ rektory Alym Annamyradow giriş sözi bilen çykyş edip, ata-babalarymyzyň jemgyýeti we döwleti dolandyrmakda toplan gymmatly tejribesini dünýä kanunçylygynyň iň gowy gazananlary bilen utgaşdyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň berk binýadyny emele getirýär. Döwlet baýdagymyz bolsa şöhratly geçmişden röwşen geljege uzaýan nurana ýolumyzy ýagtylandyrýan milli gymmatlyklarymyzyň, döwletlilik ýörelgelerimiziň keşbini şöhlelendirýän nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Biziň Esasy Kanunymyz we Döwlet Baýdagymyz milli guwanjymyzdyr, döwletliligimiziň we özygtyýarlylygymyzyň berk binýadydyr».
Şeýle-de maslahatda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe konstitusion ýörelgeleriň esasynda gazanylýan ösüşler» atly tema bilen çykyş etdi. Bellenilişine görä, Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz döwletimiziň esas goýujy hukuk binýady bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy durmuşynda bolup geçýän düýpli özgertmeler bilen bagly konstitusion özgertmeleriň birnäçesi amala aşyrylýar. Bu bolsa, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak bölüminiň müdiri Myrat Haitow «Konstitusiýa – milli döwletliligiň hukuk binýady» atly çykyşynda:” 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda türkmen halky täze durmuşy gurmagyň, berkararlygy we ýurt rowaçlygyny üpjün etmegiň ýoluny taryhy resminamada – Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan etdi. Döwlet özygtyýarlylygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunynda öz beýanyny tapýar. Konstitusiýa özygtyýarly ýaş döwletiň berkarar bolmagynda, syýasy, ykdysady hem-de ýaşaýyş-durmuş özgertmeleriniň amala aşyrylmagynda uly hyzmatlary bitirdi. Ol türkmen halkynyň kalbynda beslän isleg-arzuwlaryny, şonuň ýaly-da azatlyk we döwletiň demokratik gurluşy baradaky düşünjelerini özünde jemledi” diýip belledi.
Şeýle-de çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli ösüşiň döwlet syýasatynda hukuk ulgamynyň, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýolunyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýändigi, ýurdumyzda adamlaryň we raýatlaryň hukuklarynyň Konstitusion goraglylygy kanuna esaslanýan netijeli usullar we serişdeler bilen berkidilýändigi bellenildi.
Ylmy-amaly maslahatyň barşynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Raýat hukugy kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Aşyrgeldi Jumaýewiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň MD-121-nji toparynyň diňleýjisi Guwanç Çendirowyň, Raýat hukugy kafedrasynyň uly mugallymy, kafedra müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Jemile Hommaýewanyň, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Gülşirin Hanowanyň hem çykyşlary diňlenildi. Bellenilişine görä, Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz öz beýanyny tapýar. Ol Bitarap Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni ösüşleriniň we üstünlikleriniň hukuk binýady bolmak bilen, halkyň intellektual kuwwatyny döredijilikli maksatlara gönükdirmäge mümkinçilik döredýär. Öňde durýan aýdyň maksatlary, şol maksatlara ýetmegiň ýollaryny we serişdelerini kesgitleýär, wezipeleri ýerine ýetirmegiň ýollaryny hukuk taýdan esaslandyrýar.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerini hem-de kadalaryny durmuşa geçirmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlanmagyny arzuwlap, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Soňra ylmy-amaly maslahat “Durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti” we “Döwletimiziň syýasy-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeler” atly bölümçelerde öz işini dowam etdi.
