Hünär ussatlygy we ynsanperwerlik – döwlet gullukçysynyň esasy ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwlet dolandyryş ulgamynyň has-da kämilleşmegine we bu babatda alnyp barylýan işleriň çygrynda kämil döwlet gullukçylarynyň taýýarlanylmagyna hem-de kanunçylyk binýadynyň yzygiderli özgerdilmegine aýratyn üns berilýär.

Şu nukdaýnazardan, döwlet gullugy ulgamyna şahsy we hünär taýdan iň ýokary häsiýetlere eýe bolan, innowasion çemeleşmelerden baş çykaryp bilýän zehinli, jogapkärçilikli we ussat döwlet raýat gullukçylaryny ýüze çykarmak hem-de olaryň ýolbaşçylyk başarnyklaryny, döwrebap pikirlenişini we jemgyýetçilik jogapkärçiligini açyp görkezmek maksady bilen, ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw bölüminiň we Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň bilelikde guramagynda Akademiýanyň diňleýjileriniň arasynda “Döwlet gullukçylarynyň dolandyryş başarnyklary we özüni alyp barşynyň ýörelgeleri” atly bäsleşik geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, şeýle-de Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini  ýokarlandyrmak okuwlarynyň, döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlarynyň we döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwlarynyň diňleýjileri gatnaşdylar.

 3 tapgyrda geçirilen bäsleşigiň birinji tapgyry test soraglaryndan ybarat bolup, her bir diňleýjä Türkmenistanyň kanunçylygyna, döwlet dolandyryşyna  degişli test soraglary hödürlenildi.  Her dogry jogap üçin 1 utuk gazanyp, iň ýokary netije gazanan 15 sany diňleýjä ikinji tapgyra gatnaşmaga mümkinçilik döredildi.

Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda  dolandyryş çözgütlerini açyp görkezmek maksady bilen, her bir diňleýjä iş pursatlarynda ýüze çykyp biläýjek çylşyrymly dolandyryş ýagdaýlary meselem hökmünde hödürlenildi. Diňleýjiler 5-7 minudyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Ömrümiň manysy”, “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly eserlerinden döwlet dolandyrylyşyna, ahlak ýörelgelerine degişli anyk mysallara salgylanyp, şol meseläniň çözgüdini esaslandyrdylar. Meseläniň çözgüdiniň kanunylygy, ylmy esaslandyrylyşy we netije çykarylyşy göz öňünde tutulyp, iň ýokary utuk gazanan 6 sany diňleýji üçünji jemleýji tapgyra gatnaşdyryldy.

      “Döwlet gullukçylarynyň dolandyryş başarnyklary we özüni alyp barşynyň ýörelgeleri” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda diňleýjiler adybir tema boýunça 5-7 minudyň dowamynda  prezentasiýaly çykyş etdiler.     Çykyşlarda diňleýjiniň sözleýiş medeniýeti, özüni alyp barşy, daş keşbi we köpçülik bilen işleşmek ukyby seljerildi. Şeýle-de  köpçüligiň öňünde çykyş etmegiň talaplaryny dogry berjaý ediş ukybyna, çekinjeňlik duýgulary ýeňip geçip, pikirini yzygiderli beýan etmek başarnygyna, köpçüligi özüňe çekip diňledip bilmek, täsir galdyryp bilşine, beden hereketlerini dogry berjaý etmekligi başaryşyna,  prezentasiýany taýýarlamak we bezemek aýratynlyklary berjaý edişine, maglumatlary logiki yzygiderlilikde ýerleşdirip bilşine görä baha berildi Bäsleşigiň üç tapgyrynda üstünlikli çykyş eden döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwynyň diňleýjisi Ýazow Yhlas Baş baýraga, Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini  ýokarlandyrmak okuwynyň diňleýjisi  Annaesenow Hajy 1-nji orna, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň hünär derejesini  ýokarlandyrmak okuwynyň diňleýjisi Çendirow Guwanç 2-nji orna,  döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwynyň diňleýjisi Çopanowa Göwher 2-nji orna, şeýle-de döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwynyň diňleýjileri Hojamberdiýewa Eneş, Gurbanowa Gülbahar we döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwynyň diňleýjisi Ibragimow Mekan degişlilikde 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijiler akademiýanyň adyndan Hormat hatyna  we  ”AÝDYŇ GIJELER” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.

  Döwlet dolandyryş işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak, wezipe borçlaryny doly we dogry berjaý edýän gullukçylaryň täze neslini kemala getirmek maksady bilen guralan bäsleşik Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly hyzmat etjek giň dünýägaraýyşly, strategik pikirlenişe eýe bolan döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda we olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde uly ähmiýete  eýe boldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.