Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen zenanynyň asylzadalyk keşbi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Akademiýanyň professor-mugallymlary, diňleýjileri we talyplary, Türkmenistanyň Mejlisinden, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden wekiller, şeýle-de medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Akademiýanyň giň eýwanynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine, medeniýete, sungata bagyşlanan serginiň ýaýbaňlandyrylmagy, ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrmak bilen, döwlet gullukçylaryny şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz bilen tanyşdyrmaklykda uly ähmiýete eýe boldy.
Ylmy-amaly maslahatyň başynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyñ rektory Alym Annamyradow çykyş edip, ýurdumyzda akyldar şahyryň döredijiligine goýulýan sarpa, dana şahyryň goşgularynyň döwlet gullukçylaryny taýýarlamakdaky ähmiýeti dogrusynda aýtdy. Bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň şygryýeti bu diňe bir söz sungaty däl, eýsem türkmen halkynyň döwletlilik mekdebidir. Pyragynyň ynsanperwerlik pelsepesi, agzybirlik hakyndaky garaýyşlary häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji ýörelgeleriniň we döwlet dolandyryş kadalarynyň ruhy binýady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda akyldar şahyra bagyşlanyp, ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň hem uly ähmiýeti bar.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy Baýly Seýilow, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjow, “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Magtymgulyşynas Amannepes Şihnepesow, Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň geňeş agzasy Jennet Mämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Döwran Mahmydow çykyş edip, olar hem öz çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň ahlaklylygyň we watançylygyň çeşmesi, ýaş nesli terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýan eserleriniň ähmiýeti barada aýratyn nygtap geçdiler. Şahyryň goşgularynda bütin adamzady agzybirlige, dost-doganlyga, milli däp-dessurlara we ruhy gymmatlyklara hormat goýmaga, ynsanperwerlige, watansöýüjilige, adalatlylyga çagyrýandygy bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý. Laçyn Hudaýberdiýewa: ”Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynda “Ata-ene öýüň mähir ojagydyr. Perzentler onuň mähir alawydyr. Zenan daragtdyr” diýip belleýşi ýaly, hemme döwürlerde-de türkmen zenanlary – eneleri maşgala ojagyna, çagalary terbiýelemegiň esasynda goýlan ata-babalarymyzyň parasatly ündewlerine we däp-dessurlaryna ygrarly bolupdyr. Zenan öý-ojagyň, şeýle hem maşgalanyň söýesidir. Häzirki zaman zenanlarynyň orny diňe bir maşgalada däl-de, eýsem syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ylym-bilimde, sungatda hem aýdyň ýüze çykýar. Külli türkmen ilimiz zenanlara uly hormat we sarpa goýýar. Sebäbi biziň zenanlarymyz türkmene mahsus häsiýetleri bilen, arassa ahlaklylygy bilen, mertligi, edermenligi, päkizeligi bilen göreni haýrana goýup bilýär. Bu barada akyldar şahyryň şygyrlarynda hem zenan sarpasy, mertebesi belentde tutulýar” diýip, öz çykyşynda şahyryň döredijiliginde zenanlaryň asylzadalyk keşbi barada aýratyn nygtap geçdi.
Şeýle-de çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu günki gün türkmen zenanlarynyň ýurdumyzyň ösüşine goşýan ägirt uly goşantlary hemmämizi guwandyrýar. Akademiýada bilim alýan zenan döwlet gullukçylarynyň, mugallymlarynyň we ylmy işgärleriniň özleriniň jogapkärli zähmeti bilen döwletimiziň halkara abraýynyň artmagyna mynasyp goşantlaryny goşýandygy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
“Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen zenanynyň asylzadalyk keşbi” atly ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sungat ussady, Türkmenistanyň halk artisti Döwletmyrat Hanmämmämedowyň akyldar şahyryň keşbini janlandyryp, onuň goşgularyny çeper ýerine ýetirmegi, şeýle-de dana şahyryň ömri, döredijilige bagyşlanan sahna eserlerinden parçalaryň görkezilmegi gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsir galdyrdy.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň ruhy dünýäsini belende göterýän, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýüzünde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
