30-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak hem-de döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlaryny tamamlan diňleýjilere şahadatnama we degişli diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Oňa akademiýanyň ýolbaşçy düzümleri, professor mugallymlar we diňleýjiler gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenleriň bellemegine görä, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Watanymyzda ylymly-bilimli, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kämil ýolbaşçylary we hünärmenleri ýetişdirmek döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, döwür bilen deň gadam urup, ylmyň iň soňky gazananlarynyň okuw maksatnamalaryna ornaşdyrylmagy, täzeçil çemeleşmeleriň peýdalanylmagy, dünýä tejribesiniň özleşdirilmegi arkaly ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hünärmenleri we ýolbaşçylary taýýarlamak akademiýanyň esasy ýörelgesi hem-de baş maksady bolup durýar.
Akademiýada geçirilen okuwlaryň dowamynda döwlet gullukçylaryna mahsus bolmaly ahlak-edep kadalar, döwlet gullugynda özüňi alyp barmagyň endikleri barada, hukuk düşünjeleriniň kämilleşmegi, ykdysady garaýyşlarynyň giňemegi üçin zerur bolan giňişleýin maglumatlar berildi. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy, Konstitusiýa, administratiw, raýat, zähmet we halkara hukuklary, resminamalaryň dolandyrylyşy, sanly ulgamlar, maliýe, audit we buhgalter hasaby, şeýle hem işgärler menejmenti, döwlet gullukçylarynyň etikasy ýaly ugurlar boýunça bilimler öwredildi. Geçirilen bu okuwlar ýurdumyzyň dolandyryş ulgamynda ýokary derejeli, hünärli we işine wepaly hünärmenleri taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan möhüm döwlet maksatnamasynyň bir bölegidir. Bu ýerde öwrenilen bilimler we diňleýjileriň alan başarnyklary döwlet gullugynda ýüze çykýan wezipeleri üstünlikli çözmekde ýardam eder, diýip, dabara gatnaşyjylar uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Dabaranyň dowamynda akademiýanyň Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwlaryny (möhleti iki ýyl) üstünlikli tamamlan 27 diňleýjä degişli diplom we Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlaryny (möhleti 5 aý) üstünlikli tamamlan 51 diňleýjä şahadatnama gowşuryldy. Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakyndaky tagallalaryna jogap edip, okuwda ýokary görkezijileri görkezendigi hem-de medeni köpçülik çärelerine işjeň gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan belent işlerini yzygiderli wagyz-nesihat etmekde öz mynasyp goşandyny goşandygy bilen tapawutlanan diňleýjileriñ birnäçesi “Hormat haty” bilen sylaglandy.
Ýurdumyzda döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän bimöçber tagallalardan ruhlanan diňleýjiler hem öz çykyşlarynda akademiýada alan bilimlerini gelejekde öz işlerinde, durmuşynda peýdalanyp, döwlet dolandyryşynda, halky belent maksatlara tarap öňe alyp gitmekde beýik mekdep, ähli babatda nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly, il-halkymyz, ata Watanymyz üçin mynasyp döwlet gullukçylary bolup, döredijilikli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
