Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda 2026-njy ýylyň 6-njy iýulynda sanly bilim ulgamyny ösdürmek we işgärleriň emeli aň boýunça sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, mugallymlar hem-de işgärler üçin «Emeli aň bilen tanyşlyk» atly okuw sapagy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” hem-de “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny” tassyklady. Bu resminamalary ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Akademiýada geçirilen okuw sapagynyň dowamynda Sanly ulgam boýunça bilermen Şamuhammet Çaşemow tarapyndan gatnaşyjylara emeli aň tehnologiýalarynyň döreýiş taryhy, häzirki zaman ösüş ugurlary, bilim ulgamynda, ylmy-barlag işlerinde hem-de döwlet dolandyryşynda ulanylyş mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem bilermen emeli aň gurallaryny gündelik işlerde netijeli peýdalanmagyň usullary, olary jogapkärçilikli ulanmagyň esasy ýörelgeleri we degişli howpsuzlyk talaplary barada durup geçdi.
Okuw sapagynyň dowamynda emeli aňyň dürli platformalarynyň mümkinçilikleri, emeli aňyň diňe bir maglumat gözleginde däl, eýsem akademiki meýilnamalary düzmekde, resminamalaryň üstünde işlemekde, analitiki derňewleri geçirmekde we dolandyryş çözgütlerini kämilleşdirmekde nähili uly goldaw berip biljekdigi amaly mysallaryň üsti bilen görkezildi. Gatnaşyjylar häzirki zaman sanly gurallaryny okuw, ylmy we dolandyryş işlerinde peýdalanmak bilen baglanyşykly özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.
Akademiýada ilkinji gezek geçirilen emeli aň boýunça sowatlylygy artdyrmaga gönükdirilen okuw sapagy gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Tapgyrlaýyn göz öňünde tutulýan okuwlar mugallymlara, işgärlere geljekde işlerini döwrebap derejede gurnamaga ýardam eder.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek babatdaky alyp barýan aýdyň syýasatyny durmuşa geçirmekde Döwlet gullugy akademiýasynda işgärleriň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek hem-de häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny bilim we dolandyryş işlerine giňden ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler mundan beýläk-de dowam etdiriler.
Döwlet we halkara hukugy
kafedrasynyň uly mugallymy
Ýazmyrat KÜLÄÝEW
