Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan parahatsöýüjilikli daşary syýasatyň we diplomatiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanyň dostlukly hyzmatdaş döwletleriniň biri hem Hindistan Respublikasydyr. Ýurdumyzy Hindistan bilen hoşniýetlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk gatnaşyklar birleşdirýär. Gatnaşyklar hakykatdan hem taryhyň çuňluklaryna, Beýik Ýüpek ýolunyň döwürlerine çenli uzap gidýär. Bu iki halkyň arasyndaky hoşniýetli, özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri şu günki gün hem täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar diňe bir medeni-ynsanperwer ugurda däl, eýsem strategik we ykdysady ugurlarda hem işjeň ösdürilýär. Munuň iň barlagly mysallarynyň biri bolsa TAPI (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň taslamasydyr. Bu mega-taslama sebitiň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde we parahatçylygy berkitmekde taryhy ähmiýete eýedir. Himiýa önümçiligi we derman senagaty ugurlarynda örän uly mümkinçiliklere we strategik bähbitlere eýedir. Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleri bilen Hindistanyň dünýä derejesindäki tehnologik tejribesi bu ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy emele getirýär. Watanymyz tebigy baýlyk bolan, uglewodorod serişdesine baý döwlet bolup, mineral dökünleri we beýleki himiýa önümlerini öndürmekde sebitde öňdäki orunlary eýeleýär. Hindistan bolsa bu önümleriň iň uly sarp edijileriniň biridir. Mineral dökünleriň eksporty barada aýdylanda, ýurdumyzda öndürilýän karbamid, kaliý dökünleri we fosfor önümleri Hindistanyň oba hojalygy üçin uly ähmiýete eýedir. Taraplar bu önümleriň yzygiderli üpjünçiligini guramak boýunça şertnamalary durmuşa geçirýärler. Sagygy goraýyş we derman senagaty barada gürrüň açylanda, Hindistan dünýäde derman serişdelerini öndürmekde önümçilik kuwwaty boýunça öňdäki orunlarda durýar we köplenç "dünýäniň dermanhanasy" diýlip atlandyrylýar. Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky bilelikdäki derman önümçiligi diňe bir täze taslamalara däl-de, eýsem köp ýyllyk, synagdan geçen we häzirki wagtda has-da kämilleşýän strategik ugurdyr. Iki ýurduň bilelikdäki derman önümçiliginiň rowaçlanýan nusgasy 1998-nji ýylda Aşgabatda şäherinde döredilen "Türkmenderman Ajanta Farma Limited" derman kärhanasydyr. Hindistanyň dünýä belli Ajanta Pharma Ltd. kompaniýasynyň tehnologik hyzmatdaşlygynda gurlan bu kärhana, häzirki wagtda ýerli derman bazarynyň ep-esli bölegini üpjün edýär. Kärhanada 80-den gowrak ýokary hilli derman serişdeleri, şol sanda gerdejikler, kapsulalar, melhemler we dürli siroplar halkara ülňülerine laýyklykda öndürilýär. Ondan başga-da, "Arkadag" şäherindäki täze lukmançylyk klasterini hem mysal getirip bolar. Umuman, häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk täze, has ýygjam häsiýete bolup, Hindistanyň farmasewtika kompaniýalary Arkadag şäherinde döredilýän täze lukmançylyk klasteriniň önümçilik taslamalaryna işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler we Türkmenistanyň çäginde bitýän dermanlyk ösümlikleriň meselem, buýan köki we beýlekiler esasynda, hindi tehnologiýalaryny ulanyp, bilelikde derman öndürýän kärhanalary döretmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda 2015-nji ýyldan bäri Ýoga we däp bolan hindi lukmançylyk merkezi hereket edýär. Bu ýerdäki hatha-ýoga maşklaryny hindistanly ussatlar geçirýärler.
Türkmen-hindi hyzmatdaşlygynda ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňelmegine, türkmen hem-de hindi ýokary okuw mekdepleriniň arasynda degişli maksatnamalar boýunça Ähtnamalardyr ylalaşyklaryň esasynda göni aragatnaşyklary ösdürmek we degişli ugurlardaky mümkinçilikleri artdyrmaklyga möhüm üns berilýär, bu jähtden hem şu okuw ýylynyň ilkinji hepdesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň tanyşlyk we ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly mümkinçilikleri, döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda özara tejribe alyşmak bilen bagly hyzmatdaşlyk maksatlaryny we wezipelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşyk döwlet gullukçylaryň we hünärmenleriň hünär derejesini we ukyp-başarnyklaryny, olara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak, halkara oňyn tejribeleri öwrenip, döwlet we jemgyýetçilik dolandyryşynyň meseleleri boýunça gazanylan tejribeleri açyp görkezmek we daşary ýurtlarda bu ugurda edilýän işler bilen diňleýjileri ýakyndan tanyşdyrmak, daşary ýurt döwletleriniň ugurdaş okuw we ylmy-barlag merkezleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek ýaly häsiýete eýe boldy. Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagy bilen, häzirki wagta çenli gazanylan üstünlikler öňdengörüjilikli strategiýanyň netijeliliginiň aýdyň güwäsi bolup durýar. Ýurdumyzyň halkara abraýyny belent wezipelere göterip, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
