ŞANLY ÝYLYŇ ŞÖHRATLY WAKALARY DABARALANÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar we ulgamlar boýunçagazanylýan üstünlikler her bir raýatymyzyň buýsanjyna öwrülýär. Ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň dabaralary bilen utgaşyklylykda dürli medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy.

Şeýle buýsançly wakalaryň biri hem 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda geçirilen baýramçylyk dabarasy boldy. Döwletimiziň buýsançly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçmegi, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolan mugallymlary hormatlamak dabaranyň esasy mazmunyny düzdi. Akademiýanyň rektory, ykdysady ylymlarynyň kandidaty Alym Gadyrgulyýewiç Annamyradowa dosent alymlyk adynyň dakylmagy, şeýle-de Döwlet we halkara hukugy kafedrasynyň mugallymy Gurbanmuhammet Saparalyýewe “Watana bolan söýgüsi üçin” atly medalyň gowşurylmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň taryhynda Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk ýubileý baýramynyň aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolmagyna getirdi.

Bu dabarada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine gatnaşan wekilleriň we Şa serpaýlaryna mynasyp bolan halypa mugallymlaryň  ýürek buýsançlary we täsirli çykyşlary oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda şeýle ajaýyp durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşlar belentden ýaňlandy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 ähli hukuklar goralan.