Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 21-23-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy –2026» atly 31-nji halkara maslahat we sergi geçirildi. Bu giň gerimli foruma Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň mugallymlary we talyplary hem gatnaşdylar.
«Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.» şygary astynda geçirilýän bu halkara çäre Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşini, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi we täze maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup durýar. Forum Türkmenistanyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmen Energiýa Forumy» bilen hyzmatdaşlykda guramagynda geçirilýär.
OGT 2026 halkara maslahaty energetika howpsuzlygy, durnukly ösüş we uzak möhletleýin maýa goýum hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça gepleşikleri ösdürmek maksady bilen, döwlet edaralarynyň ýokary derejeli wekillerini, milli we halkara nebitgaz kompaniýalaryny, tehnologiýa üpjün edijilerini, maliýe institutlaryny hem-de halkara maýadarlary bir ýere jemledi. Çäräniň çäklerinde oňa gatnaşyjy kompaniýalar özleriniň döwrebap tehnologiýalaryny, enjamlaryny, önümçilik çözgütlerini we innowasion taslamalaryny tanyşdyrdylar. Sergä gatnaşan kompaniýalaryň hatarynda Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasy, CNPC, Dragon Oil, SINOPEC, Çalik Enerji, Eni Turkmenistan, SOCAR we beýleki halkara nebit, gaz we energetika kärhanalary hem gatnaşdylar.
Akademiýanyň talyplary serginiň çäklerinde nebitgaz pudagynda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çözgütler we halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar dürli kompaniýalaryň iş ugurlary, önümçilik tejribesi we ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşant goşýan ugurlary barada sorag-jogap alyşdylar. Munuň özi ykdysadyýet we maliýe ugry boýunça bilim alýan talyplar üçin möhüm ähmiýete eýe boldy. Sebäbi nebitgaz pudagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup, onuň ösüşi maýa goýumlary, eksport, maliýe gatnaşyklary we halkara ykdysady hyzmatdaşlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Sergide alnan maglumatlar nazaryýetde öwrenilýän ykdysady düşünjeleri amaly tejribe bilen baglanyşdyrmaga, şeýle hem ykdysady proseslere has giňişleýin düşünmäge ýardam berýär.
Halkara maslahata we sergä gatnaşmak talyplaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, ýurdumyzyň strategik ähmiýetli pudaklarynyň ösüşi bilen ýakyndan tanyşmaga we halkara hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman ugurlaryna düşünmäge mümkinçilik döretdi.
Halkara maslahatlaryň we sergileriň geçirilmegi ýaş hünärmenleriň bilimini we tejribesini artdyrmakda, olaryň geljekde döwlet dolandyryşy we ykdysadyýet ulgamynda netijeli iş alyp barmagyna taýýarlygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Kämil döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda bu ugurda halkara tejribesini öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
