Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde başyny başlan özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýar. Bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, onuň dünýä bilim giňişligine goşulyşmagyny gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmaga, bilelikdäki bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge, halkara hyzmatdaşlygyň ösüşine goşant goşmaga ukyply döwlet gullukçylaryny taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.
2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň alyp barýan hyzmatdaşlygynyň çäginde okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleriniň, akademiýanyň mugallymlarynyň we diňleýjileriniň gatnaşmagynda geçirilen okuw maslahatynda BMGÖM-niň bilermeni Aleksandr Gradeski öz tejribesini paýlaşdy.

Döwlet gullukçylarynyň sanly ulgam babatynda ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, döwlet dolandyryşynda emeli aňyň orny, innowasion menejment we sanlylaşdyrma düzüm birliklerinden peýdalanmak arkaly çözgütleri taýýarlamak hem-de kabul etmek bilen bagly wezipeleri öwrenmek okuw maslahatynyň esasy maksatlarydyr. Şeýle hem, dolandyryşda sanly ulgama geçiş tejribesi, döwlet dolandyryşynda innowasiýalar we sanly ulgamdaky täze usullar, sanly özgerişler döwründe döwlet gullugyndaky üýtgeşmeler, elektron resminama dolanyşyk ulgamy we iş usullarynyň täze görnüşleri babatynda döwlet gullukçylaryňdyr hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga degişli ugurlara ähmiýet berildi.
Okuw maslahatynda «Döwlet dolandyryşynyň sanly ulgamdaky strategik esaslary», «Sanly hökümet ekoulgamy we sanly hökümeti ösdürmegiň ýörelgeleri», «Howpsuz maglumat alyş-çalşygy», «Sanly hökümetde kadalaşdyryjy namalar», şeýle-hem «Döwlet gullugynda täze tehnologiýalar we emeli aň» «Döwlet dolandyryşynda emeli aňyň orny: mümkinçilikler we kynçylyklar» ýaly mowzuklar boýunça pikir alşyldy. Dünýäde bolup geçýän sanly özgeriş şertlerinde döwlet gullukçylarynyň hukuk sowatlylygynyň ähmiýeti barha artýar. Şoňa görä-de, döwlet gullukçylarynyň hukuk sowatlylygy, sanly dolandyryş ulgamynda innowasion usullar we maglumat tehnologiýalary ulanmak ýaly ugurlarda hem tejribeler alşyldy.
Geçirilen okuw maslahatyda nazaryýet bilen birlikde, amaly okuwlarda gatnaşyjylar özleşdiren bilimlerini dünýä tejribesine laýyklykda ulanmaga ýardam berýän amallardyr, tabşyryklar we mysallar bilen üpjün edildi. Şeýle çemeleşme diňe bir bilimleri çuňlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, döwlet gullukçylary üçin örän möhüm bolan tankydy pikirlenmäni hem ösdürmäge ýardam edýär.
Okuw maslahaty tamamlanandan soň, gatnaşyjylara täze özleşdiren bilimlerini we başarnyklaryny tassyklaýan şahadatnamalar berildi. Bu diňe bir olaryň hünär derejesini ýokarlandyrman, eýsem, döwlet gullugynda mundan beýläk-de kämilleşmekleri üçin şertleri döreder. Şeýlelik-de, sanly dolandyryş we dolandyryşda emeli aňyň orny boýunça okuw maslahaty howpsuz sanly ekoulgamy ösdürmäge, institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmaga, döwlet gullukçylarynyň sanly ulgam babatdaky ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge ýardam berer.

Döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda halkara tejribäni öwrenmek boýunça giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunymyzy aýdýarys.
