Türkmen hünärmenleri döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň halkara tejribesi bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Akademiýanyň mugallymlarynyň, şeýle hem Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, şeýle hem ykdysady jenaýatlara garşy göreş Döwlet gullugynyň wekilleri Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde saparda boldular. 


Saparyň maksady—işgärler syýasatynda halkara tejribesini, şeýle hem döwlet gullukçylaryny taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak ulgamyndaky täzelikleri öwrenmekdi. Sapar Gazagystanyň Hökümetiniň we BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň başlangyjy bilen 2013-nji ýylyň mart aýynda ýurtlaryň 25-siniň we halkara guramalarynyň 5-siniň wekilleriniň gatnaşmagynda döredilen Astanadaky döwlet gullugy ulgamyndaky Sebit bölüminiň ýardam bermeginde guraldy. Sebit bölümi döwlet gullugyny özgertmekde bilimleri we tejribe alyşmak boýunça binýat bolup, maslahatlar we usulýet goldawyny berýär. 

Türkmen wekilýeti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň binýadynda Barselonanyň Halkara Tehnologiýalar uniwersitetiniň goldamagynda gurnalan “SMART city (akylly şäher)” okuwyna gatnaşdy. Okuw-türgenleşiginiň barşynda ýaşyl ykdysadyýet jähtinden şäher düzümlerini ösdürmek boýunça Ýewropanyň, Amerikanyň we Aziýanyň öňdebaryjy ýurtlarynyň tejribesi bilen tanyşdyryldy. Oňa gatnaşanlar şäher gurluşygy ulgamynda ekologiýa taýdan arassa binalaryň we desgalaryň gurluşygynda energiýa üpjünçiliginde, maglumatlar-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmakda innowasion çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Türkmen wekilýeti üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň professor-mugallymlar düzüminiň taýýarlan umumy sapaklar tapgyry gurnaldy. Sapaklar tamamlanandan soň “tegelek stol” geçirilip, oňa gatnaşanlar döwlet dolandyryşy ulgamynyň hukuk esaslary; döwlet dolandyryşy ulgamynda taslama menejmentini işläp taýýarlamagyň we ony durmuşa geçirmegiň usulýeti; halkara tejribesiniň we ileri tutulýan milli wezipeleriň esasynda ösüşiň strategik meýilnamalary ýaly döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar. 

Saparyň jemleýji tapgyrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugynyň işleri we korrupsiýa garşy durmak boýunça agentliginiň işgärleri türkmen wekilýeti üçin tanyşdyryş gurnadylar, onuň barşynda korrupsiýa garşy durmagyň, işgärleri saýlap almagyň we olaryň hünärini ýokarlandyrmagyň, döwlet işgärleriniň hünär synagynyň, şeýle hem döwlet gullugynyň sanawyny işläp taýýarlamagyň, häkimýetiň we dolandyryşyň merkezleşdirme derejesini azaltmagyň ugurlaryna garaldy. 

BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin ”Sanly ykdysadyýet”, “Ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryny dolandyrmak”, “Durmuş ulgamyny dolandyrmak”, “Býujeti meýilnamalaşdyrmak”, “Maglumatlar menejmenti”, “Döwlet we şahsy düzümleriň hyzmatdaşlygy” ýaly temalar boýunça interaktiw umumy okuwlary geçirmek üçin daşary ýurtly hünärmenleri çagyrmak göz öňünde tutulýar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.