2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde “Paýtagt” işewürlik merikezinde taslamanyň uly bilermeni hanym Ýurgita Siugzdinieneniň gatnaşmagynda Strategik Meýilleşdiriş Ulgamy boýunça okuw maslahaty gurnaldy.
Okuw maslahaty ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda Döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam” taslamasy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy hem-de beýleki gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlykda, döwlet dolandyryşyna degişli magistrlik derejesiniň maksatnamasyny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak boýunça gurnalýan okuw maslahatlarynyň çäklerinde gurnaldy.
Okuw maslahatynda hanym Ýurgita Siugzdiniene Strategik Meýilleşdiriş Ulgamy we Litwanyň tejribesi bilen tanyşdyrdy. Tanyşdyryş strategik meýilleşdirişe degişli meseleleri öz içine aldy, ýagny olar: strategik meýilleşdirişiň wajyplygy, taýýarlaýyş prosesi, bilim üçin esasy başlangyçlar, akylly ykdysadyýet, akylly jemgyýet, öwrenilen tejribeler, amala aşyryşyň esasy ugurlary, strategik dolandyryş ulgamy, ylym we bilim üçin meýilleşdiriş ulgamy, ileri tutulýan meseleleriň basgançaklary, strategik meýilleşdiriş we býujet tapgyry, býujet gepleşikleri – prosesleri we ş.m.
Tanyşdyrylan gyzykly maglumatlary üçin taslamanyň utgaşdyryjysy jenap Babahan Berdiýew hanym Ýurgita Siugzdiniene minnetdarlyk bildirip: “Strategik meýilleşdiriş birnäçe nesiller üçin öňünden meýilleşdirişe mümkinçilik berýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň esasy maksatlarynyň biri akademiýanyň diňleýjilerini milli strategik ösüş meýilnamasyny netijeli amala aşyrmakda we bäsleşige has ukyply ýurdy döretmekde geljekde goşant edip biljek strategik pikirlenýän hünärmenler edip taýýarlamak bolup durýar ” diýip belläp geçdi.
Umuman, bu okuw maslahaty Türkmenistanda geljekde meýilleşdirilýän döwlet dolandyryşyna degişli magistrlik derejesiniň maksatnamasy üçin strategik meýilleşdiriş boýunça moduly işläp taýýarlamak üçin peýdaly boldy.
