«Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak» okuwunyň birinji möwsümini üstünlikli tamamlan diňleýjilerine şahadatnama gowşurmak dabarasy geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda 2019-2020-nji okuw ýylynyň ilkinji uçurymlaryna, ýagny «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak» okuwnyň birinji möwsümini üstünlikli tamamlan diňleýjilere şahadatnama gowşurmak dabarasy geçirildi.

Iki aýyň dowamynda professor-mugallymlar okuw meýilnamasyna laýyklykda diňleýjiler üçin hukuk, ykdysadyýet we ynsanperwer dersleri boýunça okuwlary guradylar. Dabaranyň dowamynda uçurymlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda alan nazary bilimlerini geljekde alyp barýan işlerinde netijeli peýdalanjakdyklary barada belläp geçdiler.

Çykyşlarda uçurymlara Watana, halka, hormatly Prezidentimize wepaly gulluk edip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli işlere mynasyp goşantlaryny goşmaklary baradaky arzuwlar aýdyldy. Çärä gatnaşýanlar öz çykyşlarynyň dowamynda döwlet gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýtdylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşýanlar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň abadançylygynyň hem-de ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirilen ägirt uly işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.