Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda milli pul birliginiň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli «Maliýe durnuklylygyny üpjün etmekde bank ulgamynyň orny» atly «tegelek stoluň» başynda duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda milli pul birliginiň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli «Maliýe durnuklylygyny üpjün etmekde bank ulgamynyň orny» atly «tegelek stoluň» başynda duşuşyk geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň we diňleýjileriniň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hünärmenleriniň çykyşlary uly üns bilen diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler çykyşlaryň esasyny düzdi. Şunda, bank düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler duşuşygyň aýratyn meselesi boldy.

Häzirki wagtda milli manadyň durnuklylygyny, bank ulgamynyň elýeterliligini, töleg ulgamynyň netijeliligini we ygtybarlylygyny üpjün etmek, maýa goýumlary çekmek boýunça çäreleriň toplumy durmuşa geçirilýär. Şeýle hem täze usullary we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň ulgamynyň kämilleşdirilişi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, nagt pul dolanyşygyny azaltmak we döwrebap tehnologiýalar bilen birlikde töleg kartlaryna daýanýan nagt däl hasaplaşyklaryň gurallaryny ornaşdyrmak häzir geljegi uly ugurlaryň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, şeýle gurallary peýdalanmak bilen amala aşyrylýan maliýe amallaryny kadalaşdyryjy düzgünleri döwrebaplaşdyrmaga jogapkärli çemeleşmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasaty netijesinde häzirki günde maliýe durnuklylygynyň saklanýandygy, halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlarynda durnukly ýokary ösüş depgininiň hasaba alynýandygy, durmuş ulgamynyň ösüşiniň dowam edýändigi, şol sanda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň özgertmeleriniň üstünlikli geçirilýändigi barada çykyşlarda aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşýanlar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň abadançylygynyň hem-de ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirilen ägirt uly işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.