Öňdebaryjy tejribeler öwrenilýär

Ýakynda Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam» atly taslamanyň çäklerinde Döwlet dolandyryş edaralarynda sanly dolandyryşy gurnamak boýunça ösen ýurtlaryň tejribelerini öwrenmek maksady bilen, dünýäde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň hatarynda tanalýan Estoniýa Respublikasynyň Tallin we Finlýandiýa Respublikasynyň Helsinki şäherlerine iş saparlary guraldy.

Türkmen wekiliýeti «Elektron Estoniýa» atly ýöriteleşdirilen tanyşdyryş dabarasynda ýurduň elektron ulgama geçişiniň yzygiderli tapgyrlary hem-de häzirki wagtda internet arkaly göni wagt tertibinde (onlaýn) amala aşyrylýan hyzmatlaryň görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de Estoniýa Respublikasynyň Ykdysadyýet we kommunikasiýa ministrliginde bolan duşuşykda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň möhüm ugurlary barada ikitaraplaýyn pikir alyşdylar. Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynda bolan duşuşykda bolsa ýurduň häzirki derejä ýetmek üçin XX asyryň ahyryndan bäri edilen işler görkezildi. Häzirki wagtda bu akademiýanyň 200-den gowrak guramalar bilen hyzmatdaşlyk edip, dünýäniň 130 döwletinde 5500-den gowrak hökümet işgärlerine okuw taýýarlyk işleriniň geçirilendigi, şunlukda, akademiýanyň elektron hökümet, elektron demokratiýa we kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlar boýunça ýerine ýetirilýän işlerde möhüm orny eýeleýändigi dogrusynda gürrüň edildi. Iş saparynyň dowamynda Estoniýa Respublikasynyň paýtagty Tallin şäheriniň munisipalitetinde bolan duşuşykda şäher häkimiýeti tarapyndan sanly ulgam boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryş dabarasy boldy. Türkmen wekiliýetiniň iş saparynyň çäginde Tallin Tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy. Şonda uniwersitetiň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini, sanly ulgamy ösdürmek boýunça dürli taslamalara gatnaşmaga taýýardyklaryny bellediler. Türkmen wekiliýeti Finlandiýa Respublikasynyň Helsinki şäherinde hem boldular. Sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýene biri bolan Finlandiýanyň munisipalitetleriniň maglumat-tehniki enjamlary we programma ulgamlary bilen üpjün edýän Tiera kompaniýasynyň gurluş düzümi, ýerine ýetirýän işleri bilen tanyşdyrylyş guraldy. Türkmen wekiliýeti ýurduň Maliýe ministrliginde, Helsinki şäher geň eşliginde we Ilaty hasaba alyş merkeziniň edarasynda bolan duşuşyklaryň dowamynda agzalýan ugurlar boýunça fin tarapynyň sanly ulgamy ösdürmekde ýeten derejeleri bilen giňden tanyşdyryldy. Mahlasy, türkmen wekiliýetiniň Tallin hem-de Helsinki şäherlerine bolan iş saparynda öwrenilen tejribeler ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek boýunça möhüm wezipeleriň oňyn kesgitlenilmegine uly ýardam eder. 

Serdar BAGŞYÝEW, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hünärmeni.

Türkmenistan Gazeti 2019-njy ýylyò 3-nji dekabry. Sişenbe.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.